Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 852
Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt--çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy

Russiýadan, Owganystandan we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanylan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga hem daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, pagta süýümi, nah pagta galyndylary ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Russiýa, Şweýsariýa, Gyrgyzystan, şeýle hem Wirgin adalary. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 115 million 28 müň dollaryndan gowrak boldy.

Hytaýdan, BAE-den, Tükiýeden, Şotlandiýadan, Çehiýadan, Kiprden, Gyrgyzystandan, Gruziýadan gelen işewür adamlar depozit manat serişdelerine umumy bahasy 4 million 472 müň manatlykdan gowrak bolan rafinirlenen pagta ýagyny, tüýjümek halatlary, saryja goýunlaryň ýüňüni we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 182 müň manatlykdan gowrak bolan polipropileni, şeýle hem durmuşda ulanylýan tehnikany satyn aldylar.