„Türkmennebit“ Döwlet konserniniň Nebitdag buraw işleri müdirligi şu ýylyň başyndan bäri 17 guýyny ulanmaga tabşyrdy, ýene-de üç sany guýyda işler alnyp barylýar. Bu eýýäm meýilnamadan artyk edilýän işlerdir. Umumylykda müdirlik boýunça 12000 metr çuňluk burawlandy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür.
Müdirligiň burawçylary Barsagelmez, Goturdepe, Ördekli, Gamyşlyja, Nebitdag, Mydar ýaly ýataklarda iş alyp barýarlar.
Barsagelmez ýatagynda 1239-njy guýyny burawlamak işi üstünlikli tamamlandy hem-de 3010 metr çuňlukdan nebitiň senagat akymy alyndy. Bu ýokary önümli guýy eýýäm senagatçylara ulanmaga berildi. Nebitdag ýatagyndaky 809-njy guýydan 2564 metr çuňlukdan ýangyç çig malynyň akymy alyndy. Gamyşlyja ýatagynda 205-nji guýyny burawlamak işleri alnyp barylýar. Bu ýerde geologlaryň çaklamalaryna görä nebitiň we gazyň öndümli gatlaklary bar. Eýýäm 1700 metr bellige ýetildi, burawlamak işleri dowam etdirilýär.