Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we A-80 belgili awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz reňklenen we tüýjümek polotensalar, tüýjümek matalar, nah ýüplükler, pagta süýümi, pagta linti, çig ýagly kislota, duzlanan dowar derileri satyldy. Olary satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Owganystan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bazasy ABŞ-nyň 32 million 599 müň dollaryna deň boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, BAE-den, Ukrainadaan, Gyrgyzystandan we Gruziýadan gelen işewür adamlar arassalanan pagta ýagyny, süýji-köke önümlerini, tekiz reňklenen we tüýjümek polotensalary, egin-eşik tikilende ulanylýan pamygy, durmuş tehnikasyny, durmuşda ulanylýan elektrik gurallaryny, nah galyndylaryny satyn aldylar. Onuň umumy bahasy 4 million 837 müň manatdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarda umumy bahasy 484 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.