Ï Türkmenistan-ABŞ: obasenagat pudagyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: obasenagat pudagyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 754
Şu gün ABŞ-nyň “Türkmenistanda oba hojalyk tehnologiýalary” halkara ösüş taslamasy boýunça agentliginiň ýardam bermeginde “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň Ak bugdaý etrabynyň “Watan” maldarçylyk daýhan birleşiginge iri şahly mallaryň tohumynyň hilini gowulandyrmak boýunça merkez açyldy. Merkeziň açylyş dabarasyna ABŞ-nyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň, “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň wekilleri, alym-agronomlar, hünärmen-maldarlar gatnaşdylar.

Merkeziň işi soňky ýyllarda Türkmenistanda maldarçylyk daýhan birleşiklerinde bolşy ýaly, hususy hojalyklarda gara mallaryň tohumlyk häsiýetlerini gowulandyrmak boýunça maksada laýyk işleriň işjeň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Şunuň ýaly merkezler Mary we Daşoguz welaýatlarynda hereket edýär. Indiki nobat Lebap we Balkan welaýatlarynyňky, şeýle hem “Türkmenistanda oba hojalyk tehnologiýalary” taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde agrotehnika we ýyladyşhana hojalyklarynyň öňdebaryjy tehnologiýalary boýunça okuw maslahatlary guraldy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Robert Pattersonyň dabarada aýdyşy ýaly, bu merkeziň açylmagy türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň, iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Obasenagat önümçiligine innowasion tehnologiýalaryň işjeň çekilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol özgertmeleriň çäklerinde oba hojalyk ylmynyň tohumçylyk-seçgi işlerine, bu pudakdaky ylmy barlaglaryň çuňlaşdyrylmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu ýerde dabara gatnaşyjylara obasenagat toplumyndaky täze tehnologiýalary ulanmagyň artykmaçlyklary, maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda wideofilm görkezildi.

Merkez döwrebap enjamlar we gurallar bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde gara mallaryň ýokary derejeli et-süýt we süýt berýän tohumlarynyň ABŞ-dan getirilen genetik materiallary saklamak üçin zerur bolan suwuk azotyň önümçiligi üçin enjamlar oturdyldy. Bu tohumlar biziň ýurdumyzda işjeň köpeldilýär we onuň ýurdumyzda maldarçylygy ösdümekde, “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň, hususan-da, Maldarçylyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň tohumçylyk işini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu merkeziň binýadynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin ýörite okuw kurslaryny guramak meýilleşdirilýär.