Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 693
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig biržasynda söwdalaşyklaryň 35-si hasaba alyndy.

Owganystandan we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we az kükürtli ýangyç mazutyny satyn aldylar. Russiýadan gelen işewürler tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK), satyn aldylar. Daşary ýurt puluna şeýle hem bugdaý uny, dürli ölçeglerdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, jinsi matasy, nah ýüplükler, pagta süýümi, gara mallaryň derileri, daralan ýüňi, dokma önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Hytaý, Belgiýa, Türkiýe, Gazagystan, Ukraina, Azerbaýjan, Owganystan, Wirgin adalary, Gibraltar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 80 million dollaryna deň boldy.

Depozit manat seişdelerine Russiýanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Slowakiýanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli ölçeglerdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, nah ýüplükleri we matalary, aşgarlanmadyk matany, süýji-köke önümlerini, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 10 million manatdan gowrak boldy.