Goturdepe ýatagy bizi çäge alaňlaryndan başlap Hazar deňziniň türkmen kenaryna çenli köp sanly kilometrlere uzap gidýän nebit wyşkalarynyň sansyz „tokaýlygy“ bilen garşy alýar.
Goturdepe ýatagy özleşdireli bäri elli ýyldan gowrak wagt geçipdir. Şeýle-de bolsa, onuň gory häzirki günlere çenli egsilmändir. Ilkibaşda nebit çüwdürim usulynda alynypdyr, soňra bolsa sorup almak usulyna – gazlift usulyna geçilipdir. Bu gün „Nebitgazylmytaslama“ Ylmy-gözleg institutynyň işläp taýýarlamalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy guýularyň önüm berişlerini artdyrmaga şert döredýär. Bu institutyň hünärmenleri 2016-njy ýyla çenli nebitiň gazylyp alynşyny 55,9 million tonna çenli, tebigy gazyň gazylyp alynşyny 448,7 milliard kubmetre çenli artdyrmak wezipesini öňde goýan pudaklaýyn maksatnamasyny amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Iki ýyl mundan ozal özleşdirilmäge başlanan nebitiň we gazyň täze ýatagy bolan Demirgazyk Goturdepe ýatagy hem önümçilik synag meýdançasy hökmünde özüni görkezdi. Bu ýerde Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawçylary Hazar deňziniň türkmen kenarynda keseleýin we köp sütünli işleri geçirdiler. Ol bolsa garaşylmadyk oňyn netijeleri berdi. 29-njy guýyda buraw işleri geçirilende 4000 metr guňlukdan nebitiň kuwwatly akymy alyndy, beýleki 147-nji we 200-nji guýulardan gile-gündizdäki çykym bolsa „gara altynyň“ 700 we 800 tonnasy boldy.
Hünärmenleriň pikirine görä, ýerli nebit düýbünden täze görnüşe degişlidir. Geçirilen himiki seljerme onuň ýokary hillidigini tassyklady. Bu bolsa dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny we himiýa, nebit senagatynyň beýleki önümlerini öndürmekde uly ähmiýete eýedir.