Şu gün Balkanabat şäherinde welaýatyň dolandyryş merkeziniň we aýlawly awtomobil ýollary geçýän demirgazyk künjeginde ýerleşen awtomobillere ýangyç guýýan täze beket ulanmaga berildi. Uly Balhan jülgesiniň dag eteginde ýerleşen senagat zolagynda gurlan bu täze desga häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Awtomobillere ýangyç guýýan bekediň toplumyna dürli maksatly birnäçe binalar girýär, ýangyç guýýan sütünler bolsa uly teläriň astynda ýerleşýär.
Awtomobillere ýangyç guýýan ýene bir bekediň gurulmagy awtomobil hereketiniň artýan işjeňligi hem-de ýerli şäher gurluşygynyň giň mümkinçilikleri bolan Balkanabadyň ösüş depginleri bilen şertlenendir. Öň şäheriň bu sebitinde awtomobillere ýangyç guýýan beket bolmandy, munuň özi golaýda ýerleşen ýaşaýyş jaý toplumlarynda ýaşaýan hususy awtoulag eýeleri üçin belli bir amatsyzlyklary döredýärdi.
Täze bekediň Balkan welaýatynda şu ýyl açylan awtomobillere ýangyç guýýan üçünji beketdigini belläp geçmeli. Ozal ýokary geçirijilik ukyby bolan şular ýaly beketler “Türkmennebitönümleriniň” sebitleýin edaralary tarapyndan Magtymguly etrabynyň dolandyryş merkezinde we Belek şäherçesinde işe girizildi.