Ï Türkmenistanyň senagaty – gazanylan üstünlikler we gelejegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň senagaty – gazanylan üstünlikler we gelejegi

view-icon 1151
Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda önümçilige maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard manatdan hem köp bolar. Önümçilik we üpjünçilik ulgamy ähmiýetli desgalaryň 450-den gowragyny gurmak we durkuny täzelemek bellenildi.

Innowasiýa esaslarynda işleýän diwersifisirlenen, bäsdeşlige ukyply senagat önümçiligi Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşiniň esasy wezipesi bolup durýar.

Senagatyň durky düýpleýin täzelenildi. Onuň dowamynda kärhanalar häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän köp sanly kärhanlar ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, Türkmeistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde maýa goýum gurluşlarynda senagatyň paýy 40-60 we ondan hem ýokary göterimde durnukly özgerdilýär.

Ýurduň möhüm makroykdysady görkezijilerini emele getirmekde senagat uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda onuň paýyna jemi içerki önümiň ýarysy töweregi düşýär.

Türkmenistanyň senagatynyň esasyny ýangyç-enegetika toplumy düzýär. Onuň ösdürilmegi ýurduň energetika garaşsyzlygyny doly üpjün edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda önümçilik ähmiýetli möhüm desgalaryň ep-esli sanysy ulanylmaga berildi, onuň gurluşyna iri maýa goýumlary goýuldy – turba geçirijileri we ýataklary özleşdirmek boýunça desgalar, guýulary, kompressor stansiýalaryny, elektrik geçiriji ugurlary, terminallary, uly göwrümli gaplary, inženerçilik torlaryny we beýlekileri enjamlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Nebiti gaýtadan işlemek pudagyny ösdürmek Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen dürli görnüşli önümleriň – ýokary oktanly benzini, awiasion kerosinini, çalgy ýaglaryny, polipropleni we beýlekileri öndürmek bilen baglanyşyklydyr. Bu günki gün nebiti gaýtadan işleýän sengaty Türkmenistanyň eksport dolanşygynyň möçberiniň 20 göterimini emele getirýär

Döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde elektroenergetikada ýurduň ähli sebitlerinde energiýa öndürmek mümkinçiligi güýçlendirilýär. Garaşsyzlek ýyllary içinde ýurtda 1700 MWt energiýa öndüriji kuwwatlyklar artdyryldy. Onuň netijesinde ýurduň doly energetika garaşsyzlygy gazanyldy.

Mineral dökünlerini, ýody, natriý sulfatyny we beýleki görnüşleriň önümçiligini görkezýän ýurduň himiýa senagaty çalt depginler bilen ösdürilýär. Mineral dökünleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy ammiak we karbamid öndürmäge niýetlenen Mary şäherinde ammiak-karbamid toplumynyň, şeýle hem ýurduň senagatynda iň iri desgalaryň biri bolan Lebap welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 1400 müň tonna kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň gurulmagy bilen baglanyşyklydyr. Geljekde bu kärhana oba hojalyk toplumynyň kaliý dökünlerine bolan islegini doly üpjün etmäge, şeýle hem himiýa önümleriniň haryt gurluşyny diwersifisirlemäge şert döreder.

Türkmenistanda maýa goýumlarynyň köpelmegi senagat gurluşyk önümleriniň ösdürilmegini çaltlandyrmaga şert döretdi. Ahal we Balkan welaýatlarynda sement zawodlarynyň ulanylmaga berilmegi, şeýle hem Lebap welaýatynda sement zawodynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy eýýäm ýakyn ýyllarda ýurduň gurluşyk pudagyny sement bilen doly üpjün etmäge şertleri döreder. Armatura we demir önümlerini öndürýän Metallurgiýa zawodynyň hem-de gazbeton önümlerini öndürýän zawodyň ulanylmaga berilmegi ýurduň gurluşyk önümleri senagatyny ösdürmekde täze ugur boldy. Şeýle hem gurluşyk önümleri senagatyny ösdürmegiň gelejegi aýnanyň, magdan däl önümleriň, diwar önümleriniň, keramzitiň we önümiň beýleki görnüşleriniň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Gelejegi uly bolan eksporta niýetlenilen senagat pudaklarynyň biri hem dokma senagatydyr. Ýurduň welaýatlarynda gurulan iri ýokary tehnologiýaly kärhanalar – dokma toplumlary, pagta egiriji, dokma, tikin fabrikleri we beýleki kärhanalar içerki bazary dokma önümleri bilen doldurmaga we ýeterlik derejede eksport gorlaryny emele getirnäge şertleri döretdi

Azyk senagatynda azyk howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen, bu pudagyň ähli ulgamy – et, süýt, un-ýarma, ýag, süýj-köke, şeker, piwo-alkagalsyz içgiler, çakyr önümleri, miwe-gök önümler pudaklary ösüş bilen gurşalyp alyndy. Bu pudagyň kärhanalary köp görnüşli önümleri öndürýärler. Öndürilýän önümler hili we haryt görnüşi boýunça dünýä standartlaryna laýyk gelýär.