Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 697
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, A-80 görnüşli awtoulag benzinini we dizel ýangyjyny satyn alydlar. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna mebel önümleri, nah ýüplük, pagta süýümi, dowarlaryň iç-goşlary, pagta galyndysynyň çig ýagly turşumtygy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Hytaý Russiýa, BAE, Türkiýe, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 36 million 795 müň dollaryndan gowrak boldy.

ABŞ-nyň, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Awstriýanyň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri depozit manat serişdelerine umumy bahasy 2 million 258 müň manatdan geçýän nah ýüplügi, ýuwlan garaköli ýüňüni, pagta süýümini, çig ýüpek, trikotaž galyndylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen (TNGIZT önümi) hem-de umumy bahasy 196 müň manatlykdan gowrak bolan azyklyk dänesini satyn aldylar.