Ï Telekeçileriň täze gurluşyk taslamalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçileriň täze gurluşyk taslamalary

view-icon 826
Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürlik merkezi gurlar. Ol öz içine 60 sany işewürlik ofislerini, maslahatlar jaýyny toý mekanyny, şeýle-de ýerasty awtoduralgany öz içine alýan 12 gatly bina bolar.

Işewürlik merkezini 2014-nji ýylyň oktýabrynda tabýyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtyň özünde Daşoguz welaýatynda köpugurly söwda merkezini ulanmaga bermeklik hem bellenildi. Iki taslamany hem bir taslamaçy we ýerine ýetiriji , ýagny „Çyzgy“ hojalyk birleşigi amala aşyrar.

Bu ýerde iýmit, senetçilik, dokma we galantereýa önümlerini satmaklyk üçin niýetlenen söwda meýdançalary, bagçylyk bilen meşgulanýanlar we ýer eýeleri üçin gök bazar ýerleşer. Her blogyň ululygy 4 müň k.m.

Bulardan başga toplumda dürli ussahanalar we tikinçilik hem-de dellekhanasy bolan hyzmatlar öýi, dermanhana we konditer önümlerini bişirýän önümçilik göz öňünde tutulýar. Söwda merkeziň daşynda hersiniň meýdany 3 müň kw.m. bolan, mallary, awtoulaglary we gurluşyk harytlaryny satmaklyk üçin niýetlenen üsti ýapyk bazar hem gurular. Satyn alyjylara amatly bolar ýaly iki sany awtoulag duralga, bank bölümi, restoran we birnäçe kafe göz öýünde tutulan.