Ahal welaýatynyň daýhanlary mellek ýerlerindäki ýyladyşhanalarda gök önümiň bol hasylyny ödürip ýetişdirýärler. Sebitiň daýhanlarynyň ýüzlerçesi ýyladyşhanalarda pomidory we hyýary ösdürip ýerişdirmäge ýöriteleşdirilendir.
Ir bilen termometriň rtut sütünjigi noldan hem aşak düşdi, meýdan gar bilen örtüldi, aýaz ýüz-göüňi ýalap barýar, Ruhabat etrabynyň Akdaşaýak obasynyň ýaşaýjysy Hemra Orazgeldiýewiň mellek ýerindäki ýyladyşhansy bolsa bahar paslyny ýadyňa salýar. Ýyladyşhanadaky haly düşelen ýaly ösüp oturan şitiller bu ýerde bahar paslyny döredipdir.
- Biz mellek ýerimizdäki ýyladyşhanadan daýhanlara her ýylda 70-80 müň düýp pomidor we hyýar şitillerini berýäris – diýip, Hemra Orazgldiýew gürrüň berýär. – Şu ýyl hem ondan hem köp şitili ösdürip ýetişdireris diýip, umyt edýäris.
Ýyladyşhana indi 15 ýyl bäri üstünlikli işläp gelýär, şitilleriň hemmesi diýen ýaly daýhanlaryň buýurmasy esasynda öadürilip ýetişdirilýär. Şitilleriň gollandiýanyň meşhur “Seminis” kompaniýasynyň tohumyndan ösdürilip ýetişdirilýändigi daýhanlaryň ünsüni çekýär. Pomidoryň “Metamorfoza”, hyýarlaryň “Multina” we “Arzuw” görnüşleri gök ekeranlaryň arasnda uly meşhurlykdan peýdalanýar.
Şitilleri ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmek uly tejribäni, tehnologiýanyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini, gerek bolan çyglylygy, temperatura düzgüniniň berjaý edilmegini talap edýär. Şitiller ýeterlik derejede tebigy şöhle bolan gün ýylylygyny almaly, gerek bolan ýagdaýynda emeli ýagtylandyryş berilýär, howanyň çalşyp durmagy üpjün edilýär. Bu ýerde Selis boýunça temperatura gündüzlerine 20 derejede, gijelerine 15 derejede saklanylýar.