Ï Ýene-de bir köçäniň durky täzelendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýene-de bir köçäniň durky täzelendi

view-icon 803
Türkmenbaşy şheriniň awtoulag infrastrukturasyny giň gerimli döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde Döwletmämmet Azady köçesiniň durky täzelendi. Bu ýeriniň düşegi doly täzelenip, asfaltbeton bilen örtüldi. Iki taraplaýyn hereket edilýän ýoluň gatnaw bölegi giňeldildi. Bu uly ýol doly enjamlaşdyrylyp, onda ulag hereketini sazlaşdyryjy yşyklar goýuldy, ýoluň gyralaryna bag we gül ekmek üçin ýerlere bölündi, ýagyn we lagym suwlary akar ýaly ýerasty turbalar çekildi.

Dynç alyş şäheriniň ulag ulgamynyň durkuny täzelemek boýunça deňziň kenaryndaky şäherde uly göwrümli işler durmuşa geçirildi. Ýakyda bu ýerde iki sany köpri guruldy. Türkmenbaşy şäherinden ulag hereketini sazlaşdyrýan häzirki zaman Aeroport-Awaza täze ýolda Soýmonowo gatlasyny kesip geçýän awtoulag ýoly çekildi. Magtymguly şaýolunyň we Bahry Hazar ýolunyň durky täzelendi. Bu ýollaryň ikisi hem alty zolakly awroulag halkasyna birikdirildi.

Şäheriň gündogaryndaky Türkmenbaşy-Farap ýolyna birikýän Atamyrat Nyýazow köçesiniň durky täzelendi. Ulag akymyny azaltmak üçin Türkmenbaşy şäheriniň demirgazygyndan aýlanyp geçilýän ýol täzeden çekildi, şäher eteginde ýerleşýän Kenar şäherçesine barýan täze ýol çekildi.