Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan, Malaýziýadan we Kiprden gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazut Eýrandan gelen işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, göçme öýjagazlar, şeýle hem azyklyk bugdaý, nah ýüplük, aşgarlanmadyk tüýjümek mata, pagta süýümi, çig ýag kislotasy, nah ýüplügiň galyndylary daşary ýurt walýutasyna ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Gyrgyzystan, Özbegistan boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 65 million 208 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-nyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Awstriýanyň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, garaköli we saryja goýunlarynyň ýuwlan ýüňüni, çig ýüpegi satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 8 million 992 müň manatdan gowrak boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri azyklyk bugdaýy, gurluşyk materiallaryny we diňli krany satyn aldylar. Satylan harytlaryň umumy bahasy 319 müň manatdan gowrak boldy.