Ï Telekeçiler önümçiligi artdyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçiler önümçiligi artdyrýarlar

view-icon 776
2012-nji ýylda Senagatçylar we yelekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümçiliginiň möçberi 373 mln. manat boldy, ýagny 2011-nji ýyldaka garanyňda 155 göterim boldy. Ösüş depgini ýokary boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iş maksatnamasyna laýyklykda 2012-2016-njy ýyllarda iş möçberini 264 mln. manada (110 %) ýetirmek bellenildi.

Ýurduň telekeçilerini goldamak boýunça amala aşyrylýan çäreler özüniň oňaýly täsirini ýetirdi. Prezidentiň ýurdy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, telekeçiler öz taslamalaryny halk hojalygynyň dürli pudaklarynda: gurluşykda fermerçilikde, azyk senagatynda, gaýtadan işleýän sengatda amala aşyrmaga mümkinçilik aldylar. Esasy bellemeli zat hem bu iş ýurduň her bir welaýatynda amala aşyrylýar. Bu bolsa bir wagtda täze iş orunlaryny döretmek hem-de adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak bilen, Türkmenistanyň ähli sebitleriniň durmuş-ykdysady derejesini has ýokary derejelere galdyrmaga şert döredýär.

Ýurduň gurluşyk kompaniýalary ýyl-ýyldan örän uly tejribe toplaýarlar. Olar Türkmenistanyň bütin çäginde durmuş ähmiýetli desgalary gurýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iş Maksatnamasy boýunça 2012-nji ýylda 1,3 mlrd. manatlyk gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek bellenilipdi, ösüş depgini bolsa, 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 130 göterim bolmalydy, netijede bolsa, iş ýüzünde ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleri 2012-nji ýylda 2,0 mlrd. manat boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 2012-nji ýylda 95,4 mln. manatlyk oba hojalyk önümlerini öndürmeklige garaşylýardy. Bu görkeziji artygy bilen ýerine ýetirildi: 137,5 mln. manatlyk önüm öndürildi, ösüş depgini bolsa 144 göterim boldy. 2012-nji ýylda telekeçiler tarapyndan broýler towuk etiniň öndürilişi 3083,0 tonna boldy, ýumurtga 55,8 mln. sany, et öndürilişi 1275 tonna boldy, 2012-nji gök-miwe önümleriniň öndürilişi 1142 tonna boldy.

2012-nji ýylda 1,85 mlrd. manatlyk haryt dolanşygyna garaşylýardy, 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 104 göterim bolmalydy, iş ýüzünde haryt dolanşygy 2012-nji ýylda 2,1 mlrd. manatlyk boldy.

Ýene-de bellemeli zatlaryň biri hem Maksatnama boýunça 2012-nji ýylda 30 müň täze iş orunlary döredilmelidi, ýöne 2012-nji ýylda bu görkeziji has ýokary derejelere ýetdi – 37 müň täze iş orunlary döredildi.

Telekeçiler has köp täze iş tejribelerini toplaýarlar. Gurluşyk önümlerini, kagyz, karton we olardan taýýarlanylýan önümleri we çaphanaçylyk ulgamlary ýaly ugurlarda önümçiligi artdyrmak göz öňünde tutulýar. Muňa dokma, himiýa senagatyny, şeýle hem mebel önümçiligini we häüirki zaman talaplaryna laýyk gelýän mebellleriň görnüşlerini artdyrmagy goşmak bolar. Ýokary hilli süýji-köke, şöhlat önümlerini, süýt önümlerini öndürmek ep-esli artdyryldy.