Türkmenbaşynyň halkara deňiz duralgasynda 350 orunlyk ýolagçy gämisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Şeýle derejedäki gämi gurluşyk taslamasy bu deňiz duralgasynyň taryhynda ilkinjisidir. Gäminiň gurluşygyny türkiýäniň DEARSAN (SHIPYARD) gämi gurluşyk kompaniýasynyň teklip eden çyzgysy boýunça türkmen we türk hünärmenleri alyp barýarlar. Bu gämi “Çarlak” diýlip atlandyrylar.
Uzynlygy 37,8 metr, ini 8,9 metr bolan bu gäminiň ýokarky we aşaky palubalary bardyr. Olar iki korpusy – özünde maşyn bölümini ýerleşdirýän ýüzgüji we ballast hem-de beýleki sisternalary birleşdirýär. Aşaky paluba 205 ýolgçylaryň ýerleşmegi üçin niýetlenendir, ýolagçylaryň galan bölegi bolsa ýokarky palubada ýerleşer. Şol ýerde hem häzirki zaman standartlaryna laýyk gelýän oňaýly kofe-bar ýerleşýär. Kapitan sekijigi gäminiň ýokarky böleginde gurulan ýerde ýerleşer. Rul jaýy nawigasiýanyň hemra ulgamy bilen dolandyrmagyň elektron enjamlary bilen üpjün edilendir.
Gämide tizligi 30 uzelde tizlik bilen hereket etmäge ýa-da sagatda 55 kilometr tizlik almaga mümkinçilik berýän esasy dört sany müňden gowrak at güýji bolan hereketlendiriji oturdylandyr.
Gäminiň seksion gurnamasy Türkmenbaşy deňiz duralgasynyň ýük ýüklenilýän ýerinde wagtlaýyn gurnalan angarda stapel-blokda amala aşyrylýar. Modullar, profiller, turbalar, eredilen alýuminden ýasalan berk list prokatlary we gämini gurnamak üçin beýleki enjamlardyr abzallar Stambuldan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýän Mermer deňziniň kenarynda Tuzla şäherinden suw ýoly arkaly getirilýär.
Ýurduň gämi gyrluşykçylary üçin gäminiň gurluşygy bilen meşgullanmaklary örän gowy mekdepdir. Sebäbi olaryň toplaýan tejribeleri Türkmenbaşy deňiz duralgasynyň gämiabatlaýyşgurluşyk kärhanasy üçin örän möhümdir. Kärhanayň gurluşygy golaý geljekde 2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşynyň halkara deňiz duralgasynyň baş meýilnamasy we Türkmen deňiz söwda flotyny ösdürmegiň maksatnamasynda meýilleşdirilýär. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy ýylda gämileriň ikisiniň gurluşygyny we ýük-ýolagçy suw ulaglarynyň 12-15-sini we dürli görnüşli ýüzüş serişdelerini abatlamagy kepil geçýär. Şunlukda Hazar deňzinde gatnaýan gämileriň ählisine, beýleki ýurtlaryň kompaniýalaryna degişli bolan gämileri hem goşmak bilen, abatlaýyş hyzmatlary ediler.
Türkmenbaşynyň deňiz duralgasynyň çäklerindäki geljekki gämiabatlaýyş-gurluşyk toplumy pudaklaýyn ykdysadyýetiň orta- we iri tonnažly, gezelenç we sport gämileri üçin binýat gurluşygyny göz öňünde tutýar. Bu görnüşdäki ýolagçy katerleri Awazada dynç alýan biziň ildeşlerimiz üçin hem-de daşary ýurtly myhmanlar üçin hem dürli görnüşli, gyzykly we oňaýly dynç almaklaryny üpjün eder.
Türkmenbaşynyň halkara deňiz duralgasynda gurulýan “Çarlak” gämisiTürkmenbaşy şäheri-Gyzylsuw adasy-Hazar şäheri we yzlygyna tizlikli ýolagçy ugry boýunça yzygiderli gatnamaga niýetlenendir. Gerek bolan ýagdaýynda 1,2 metr uly bolmadyk ýagyn gäminiň türkmen kenarynyň islendik ýerinde saklanmaga mümkinçiligi bardyr. Uzak aralyga üýzmek mümkinçiligi bolsa 400 deňiz milidir, ýa-da 740 kilometrdir. Bu bolsa onda deňiz syýahatçylygyny guramaga mümkinçilik berýär. Ýolagçylara we gämilere hyzmat etmek üçin ugradyş nokatlarynda we Gyzylsuw şäherçesindäki aralyk stansiýalarda deňiz duralgalary hem-de ýolagçy terminallary gurular.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda hünärmenler “Çarlak” gämisini suwa göýbermegi we urgan synaglaryny geçirmegi meýilleşdirýärler. Ondan soňra bolsa gämä doly möçberde ýöriş synagyny geçmek garaşýar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gäminiň tehniki we deňiz ýöriş hil toplumlaýyn synagy onuň ulanmaga tabşyrylmagynyň öň ýanynda şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda geçiriler.