Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 50-si bellige alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Kiprden,Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, polipropilen, tehniki kerosini, gidro arassalanylan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Beýik Britaniýadan gelen işewürler, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna dürli ölçeglerdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, nah ýüplükler, dowarlaryň derileri, agardylan pagta süýümi nah ýüplükleriň galyndylary, pagta süýümi, pagta linti, süýümli ulýuk ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Hytaý, Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Owganystan, Singapur, Lihtenşteýn, Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 241 million 399 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri arassalanylan pagta ýagyny, süýji-köke önümlerini, durmuş himiýasy serişdelerini, joraplary, aşgarlanmadyk matany we nah ýüplükleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 9 million 535 müň manatdan gowrak boldy.