Ï Maldarlaryň jogapkärli döwri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maldarlaryň jogapkärli döwri

view-icon 776
Maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyşlatmak dowam edýär. Döwlet maldarçylyk birleşiginiň hojalyklarynda gyş mňwsümine ohat hilli taýýarlyk görüldi. Ätiýaçlyk ot-iým taýýarlanyldy. Maldarlar dowarlar we düýeler üçin 278 müň tonnadan gowrak iri baldakly ot taýýarlap, ot-iým taýýarlamak baradaky borçnamany 103 göterim ýerine ýetirdiler. Taýýarlanan ot-iýmler öri meýdanlarynda ýaz möwsüminde toplanan ösümliklerden we bugdaý samanyndan ybaratdyr. Bu iş bilen her bir maldarçylyk hojalygynda gurnalan ýörite ot-iým taýýarlajy toparlar meşgullandy. Şeýle hem ýaz möwsüminde kärendeçiler tarapyndan gara mallary iýmitlendirmek üçin dört müň gektar meýdana mekgejöwen, ýorunja we arpa ekildi.

Döwlet birleşiginiň düzüminde 86 hojalyk bardyr, olaryň 59-sy esasan hem garaköli we saryja tohumly dowarlary ösdürip ýetişdirýär, şeýle hem 5 sany düýedarçylyk hojalygy bar. Beýleki hojalyklar sygyrlaryň şwis tohumyny ösdürip ýetişdirýär.

Oktýabr aýynyň başyndan noýabr aýynyň ortalaryna çenli maladarçylyk hojalyklarynda goç gňýberilýän möwsüm geçirildi. Onuň dowamynda mallar güýçl depginde iýmitlendirildi. Awgyst we noýabr aýlarynda kärendeçi maldarlar maldarçylyk we weterinariýa ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde önüm berýän dowarlaryň seçgi işlerine baha bermek maksady bilen, gözegçilik işlerini we maslahat geçirdiler, tejribe alyşdylar.

Institutyň hünärmenleri her ýyl maldarlara oba hojalyk mallarynyň tohumçylyk ýagdaýyny kesgitlemäge kömek berýärler.Bu möhüm iş mallaryň keseliniň öňüni almak maksady bilen etrap weterinariýa barlaghanalarynda zerur bolan gözlegler bilen bir wagtda geçirildi. Sürüler tomusky öri meýdanlaryndan ot-iým bilen doly üpjün edilen gyşladyljak ýerlere geçirildi. Gyşky agyllar öňünden abatlanyp, olara ýeterlik mukdarda ot-iým eltildi.

Maldarçylykda oba hojalyk ýyly awgustdan awgusta çenli hem-de kärendeçileriň daýhan birleşikleri bilen baglaşan şertnamanyň möhleti gutarýança dowam edýär. Maldarçylyk möwsüminiň jemi jemlendi, kärendeçi maldarlar bilen hasaplaşyklar geçirildi, indiki maldarçylyk möwsümi üçin şertnamalar baglaşyldy. Kärendeçi maldarlaryň 1711-i hem-de düýe malyny ösdürip ýetişdirýän kärendeçileriň 234-i işe başlady.

Gara mallary ösdürip ýetişdirýän hojalyklarda maldarçylyk möwsümi öz hasabatyny dekabrda başlaýar, şeýle hem bu döwürde täze şertnamalar baglaşylýar. Şol döwürde ösdürilip ýetişdirilen göleler tabşyrylyp başlanýar hem-de täze şertnamalar baglaşylýar. Öňünden çaklamalara görä, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň düzüminde gara mallary ösdürip ýetişdirmek boýunça alty müň kärendeçi meşgullanar. Olaryň köp bölegii bolsa, Lebap we Mary welaýatlarynyň maldarçylyk hojalyklarynda ýerleşendir.