Ï Aşgabatda täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň taslamasyna badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň taslamasyna badalga berildi

view-icon 1115
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi”, yklymlaýyn we yklymara howa uçuşlarynda iri üstaşyr geçirýän nokat boljak täze halkara howa menziliniň düýbüni tutmagyň dabarasy boldy.

Bu waka ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşini, türkmen halkynyň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmagy, ählumumy ösüşiň we rowaçlanmagyň bähbitlerinde giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagy maksat edinýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir ähmiýetli ädim boldy.


Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz örän peýdaly geografiki ýagdaýy eýelemek – Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin hem-de sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr geçirmek mümkinçiligine eýedir we şol mümkinçiligi doly derejede durmuşa geçirmäge çalyşýar.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak ulag ulgamynda tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýan uly möçberli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Raýat awiasiýasyna içerki ugurlarda hem, halkara ugurlarynda hem ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda möhüm orun degişlidir. Bu ugurda biziň ýurdumyzda anyk, yzygiderli çäreler görülýär. Mysal üçin, “Türkmenhowaýollary” milli döwlet gullugynyň awiýaparky dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden soňky kysymlardaky uçarlaryň we dikuçarlaryň hasabyna üpjün edilýär. 2009-njy ýylda Mary şäherinde täze aerowokzal toplumy, 2010-njy ýylda bolsa Türkmenbaşy şäheriniň Halkara aeromenzili açyldy. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy” innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inžener-tehniki pikiri we iň oňat dünýä tejribesini peýdalanmaga ugur alandyr. Ol täze aeroportlary, terminallary, inžener-tehniki maksatly desgalary gurmagy hem-de işläp gelýänleriniň durkuny täzelemegi, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagy, iň täze uçarlary we beýleki tehnikany satyn almagy, ykdysady taýdan peýdaly ugurlar boýunça täze içerki awiaugurlary we halkara howa ugurlaryny açmagy, şeýle hem ýurdumyzyň awiatorlary tarapyndan edilýän hyzmatlaryň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Şu maksatnamanyň çäklerinde durmuşa geçiriljek iri taslama şu gün Aşgabat şäherinde täze halkara aeromenziliniň badalga alan gurluşygydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda ony biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy gurar.

Iň häzirki zaman howa duralgasynyň geçiş ukyby bir sagatda 1600 ýologça barabardyr. Howa menzili şunda hyzmat etmegiň halkara ülňülerini üpjün edip, bir wagtyň özünde islendik kysymdaky we ýük göterijilikdäki uçarlary kabul edip biler. Taslama üç sany terminaly – ýolagçy, VIP, şeýle hem ýük terminallaryny, uzynlygy 3800 metr bolan täze uçuş-gonuş zolagyny, ugrukdyryjy ýodajyklary, howa gämileri üçin goýulýan ýerleri we perrony, howa hereketini dolandyrmak gullugynyň diňlerini gurmagy özünde emleýär. Mundan başga hem, işläp gelýän uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Aerowokzal toplumy guruljak ýer böleginiň umumy meýdany 1200 gektara barabardyr.


Bu özboluşyl inžener-tehniki desga gürrüňsiz suratda bütin sebitde iň innowasion desga bolar. Çylşyrymly elektron-tehniki gurallary şol sanda iň häzirki zaman aeronawigasion abzallary bilen 72 metr beýiklikdäki dispetçerçilik diňi uçuşlary dolandyrmagyň ulgamynyň merkezi we şunuň bilen birlikde aeromenziliň binagärlik keşbiniň aýdyň beýany bolar. Kuwwatly radar, howa şertlerine gözegçilik etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy aeromenziliň jogapkärçilik zolagynda howa hereketine doly gözegçilik etmegi üpjün eder.

Aerowokzalyň bäş gat binasynda ýerli hem-de halkara awiaugurlarynda Aşgabada gelýän we ondan uçýan ýolagçylar üçin göwnejaý şertler dörediler. Has oňaýly garaşylýan we bellige alynýan zallar, maglumatlar tablosy, maglumatlar býurosy, sensorly elektron maglumatlar ulgamy, bilet kassalary, internet-kafe, poçta bölümi, telefon awtomatlar awtoulagy kärendä almak we myhmanhanalarda orunlary berkitmek, walýutalary çalyşmak, bankomatlar, goş-golam saklanylýan kameralar, kafeteriýalar, restoranlar, duty-free dükanlary ýolagçylaryň hyzmatynda bolar. Mundan başga hem, uçarmanlar we ustaşyr geçýän ýolagçylar üçin myhmanhanalar, eneler we çagalar otaglary, ýörite çagalar meýdançalary, ilkinji lukmançylyk kömegini etmegiň otaglary, gazet-žurnallar satylýan we bölek satuw söwdasynyň kiosklary, mejlisler zaly we başgalar göz öňünde tutuldy.

Degişli migrasion, serhet we gümrük amallarynyň geçilýän uçastoklary, goş-golamyň alynýan zallary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň kärhanalarynyň edara jaýlary, ýerüsti hyzmat etmegiň we aeromenziliň howpsuzlygynyň tehniki gulluklary, gümrükhanalar, ulag polisiýasy, arassaçylyk-karantin gözegçiligi, meteorologiýa merkezi ähli zerur enjamlar bilen üpjün ediler.

Kaşaň VIP-bina toplumyň düzümine girýär, şol ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek, duşuşyklary, ýygnaklary we maslahatlary geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Täze aeromenziliň degişli zerur zatlaryň doly toplumyna, şol sanda bir ýylda ýükleriň 200 müň tonnasyny işläp geçmek üçin niýetlenilen ammar jaýlary bolan uly göwrümli ýük terminalyna, howa gämilerine ýangyç guýmak üçin merkezleşdirilen bekede, uçarlara we dikuçarlara tehniki taýdan hyzmat etmek üçin angarlara eýe boljakdygyny hem belläp geçmeli.

Howa menziliniň çäklerinde dürli desgalaryň we dolandyryş binalarynyň birnäçesi, hususan-da, “Türkmenistan” awiaulaglary kärhanasy we “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçuş topary ýerleşer. Mundan bşag hem, taslama awiasiýa üçin işgärleri taýýarlamak boýunça mekdebiň gurluşygyny özünde jemleýär. Şonda şol bir wagtyň özünde 600 adam okap biler. Şeýle hem, ekipažlary okatmak üçin türgenleşik toplumy, lukmançylyk we sport-sagaldyş merkezleri, işgärler we ýolagçylar üçin ýerasty we açyk awtoduralgalar bolar. Aerowkzal toplumynyň töweregindäki çäkler abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga owrüler. Bu desgany 2016-njy ýylyň awgustynda ulanmaga bermek bellenildi.

Gürrüňsiz suratda Aşgabat şäheriniň täze Halkara aeromenzili Türkmenistanyň özboluşly ajaýyp ýeri bolar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň awiasiasyny depginli ösdürmäge, özara peýdaly söwda-ykdysady we netijeli ynsanperwer gatnaşyklary, syýahatçylygy işjeňleşdirmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda biziň ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna hemmetaraplaýyn goşulyşmagyna ýardam eder.