Ï Öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň paýdarlar jemgyýeti döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň paýdarlar jemgyýeti döredildi

view-icon 872
Şu gün Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrliginde “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylaryň geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösuş ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Ýokary gözegçilik edarasynyň, Merkezi bankyň, Baş döwlet salgyt gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça öňde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň barşynda esaslandyryş şertnamasyna gol çekmek, täze kärhananyň tertipnamasyny we esaslyk maýasyny tassyklamak, şeýle hem baş direktory, direktorlar geňeşini we derňew toparyny saýlamak bilen bagly meselelere garaldy.

Mälim bolşy ýaly, degişli mesele boýunça karara döwlet Baştutanymyz 2012-nji ýylyň noýabrynda gol çekdi. Bu ähmiýetli kararyň kabul edilmegi "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň kärhanalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we bazar gatnaşyklary üçin oňaýly şertleri döretmäge, şeýle hem öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmäge we onuň hilini häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde ady agzalan paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryş resminamasyny taýýarlap, onuň bellenen tertipde hasaba alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Milletiň Lideri aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň kärhanalarynyň duýpli döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berýär. Degişli ulgama ýokary tehnologiýalar we täze işläp düzmeler yzygiderli, işjeň ornaşdyrylýar. Geçen ýyl ”Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” kabul edilmegi hem möhüm ädim bolup, oňa laýyklykda öýjükli aragatnaşygyň we Internediň hyzmatlarynyň sanawyny artdyrmak we olaryň hilini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler kabul edilýär.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, degişli ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulýan häsiýeti ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegi we Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulmagy üçin möhüm şertleriň biri bolup durýanlygy bilen şertlendirilendir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýeti ösdürmek boýunça başyny başlan giň gerimli maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy aragatnaşyk we elektron özara gatnaşyklar serişdelerini has-da kämilleşdirmek boýunça täze wezipeleri öňe sürýär.

Häzir biziň ýurdumyzda ilatyň häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen ähli çäreler görülýär. Telefon ulgamlarynyň enjamlary döwrebaplaşdyrylýar, şäherleriň arasynda optiki-süýümli ulgamlar çekilýär. Hemra aragatnaşyk ulgamy hereket edýär, milli öýjükli ulgam giňelýär. Guramalary, kärhanalary, okuw mekdeplerini habar beriş-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen üpjün etmegiň derejesi ýokarlanýar. Internetden peýdalanýanlaryň sany bolsa günsaýyn artýar.

Bu wakanyň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça üstünlikli geçirilýän özgertmeleriň aýdyň tassyklanmasy bolup durýandygyny bellemek bilen, bu ýere ýygnananlar Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen milli we pudaklaýyn maksatnamalarda döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän wezipelerini durmuşa geçirmek babatda onuň ähmiýetini bellediler.

Maslahatyň barşynda şeýle hem degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň hünär ussatlygyny we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny mundan beýläk-de netijeli ösdürjek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öz öňlerinde goýan ähli wezipeleri üstünlikli çözmegiň, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrinde türkmen döwletini has-da ösdürmegiň bähbidine geljekde hem tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.