Gowaçanyň orta süýümli “Gubadag-3” görnüşi önümçilik synagyndan geçirildi. Oba hojalyk ministrliginiň pagtaçylyk Ylmy-gözleg institutynyň seçgiçileri Reýimberdi Kakaýew we Çoцdurbaý Seýitmyradow tarapyndan işlenilip taýýarlanan bu täze sort ýakynda synagdan üstünlikli geçdi. Geçirilen gözleg işleriniň we praktiki synaglaryň görkezişi ýaly, ol ýerli toprak-howa şertlerinde hasyllylygy, kesellere garşy durnuklylygy, şora çydamlylygy, seçgiçiler tarapyndan işlenilen beýleki oňaýly taraplary bilen tapawutlanýar.
Köneürgenç etrabynyň “Akgala” daýhan birleşiginde geçirilen 1 ga synag meýdançasynyň hasyllylygy 45,2 sentner boldy. Bu bolsa beýleki “S-4727” görnüşi bilen deňeşdirilende 16 sentner köpdür. Ösüş döwri 115-120 gün boldy. Bir düýbüň uzynlygy 100-110 santimetrdir. Gozalaryň agramy 6,8-7,5 grama barabardyr, içi dört-bäş pagta übtüginden ybaratdyr. Bir müň sany tohum çigdiniň agramy ortaça 125 gramdyr. Süýmüň ortaça çykymlylygy 35,2 göterimdir. Şu ýylyň ýazynda synag işlerini dowam etdirmek we ýokary hilli tohum çigidini köp mukdarda almak maksady bilen, gowaçanyň bu täze görnüşiniň ekilýän meýdanyny ep-esli giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Ýerli seçgiçiler tarapyndan ýene-de bir geljegi uly bolan görnüş – “Gubadag-4” görnüşidir. Onuň “S-4727” görnüşi bilen deňeşdirilende artykmaçlyklary az däldir. Synag meýdançalarynda geçirilen synaglaryň netijesinde orta hasyllylyk 37,8 sentner boldy. Gozalaryň agramy – 6,3 gram boldy. Onuň içinde pagtanyň dört-bäş übtügi bardyr. Süýmüň ortaça çykyşy – 36 göterim boldy. Bu görkeziji – ýokary depginler bilen ösýän pudagyň ýokary netijeliligini üpjün edýän esasy delilleriň biridir. Ýurduň pagtaçylygynyň “Gubadag” seçgi tapgyrynyň täze görnüşleriniň ýene-de dördüsini çykarmak boýunça ylmy synag işleri dowam etdirilýär.
Ýurduň demirgazyk sebitiniň seçgiçileri öz gündelik işlerinde tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berýärler. Geçen ýylda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalygy bolan A. Kakabaýew adyndaky daýhan birleşiginde umumy 22 gektar meýdanda gowaçanyň naýbaşy we “Daşoguz-114” görnüşiniň tohumlaryny köpeltmek boýunça işler alnyp baryldy. Türkmen alymlary ony Daşoguz welaýatynyň ylmy-önümçilik synag merkeziniň synag meýdançalarynda çykardylar we ony önümçilige ornaşdyrdylar. Köp hasyl toplamaga we süýmüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan geljegi uly bolan gowaçanyň bu görnüşiň hil taraplaryny gowulandyrmak boýunça ylmy gözlegler üstünlikli geçirilýär.
Soňky ýyllarda Gubadag, Boldumsaz, Akdepe etraplarynyň daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlarynda, Gurbansoltan eje etrabynyň aýry-aýry hojalyklarynda Daşoguz welaýat ylmy-önümçilik synag merkeziniň işläp çykaran gowaçanyň “Daşoguz-120” orta süýümli görnüşi ileri tutulýar. Şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň saýlama synag tohumçylyk tejribe hojalygynyň ekin meýdanlarynda gowaçanyň “Serdar” görnüşi özüni oňaýly tarapdan görkezdi (awtorlary – biologiki ylymlarynyň kandidaty Döwlet Babaýew we oba hojalymlarynyň kandidaty Kamil Rozmetow).
Ýurduň seleksiýasynyň bu täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak gektaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, pagta taýýarlamagyň möçberini artdyrmaga şertleri döredýär. Geçen ýylda Daşoguzyň pagtaçylary döwlet harmanyna 272 müň tonna pagta tabşyrmagy başardylar. Döwlet buýurmasyna goşmaça kabul ediş nokatlaryna “ak altynyň” otuz sekiz müň tonnadan gowragy tabşyryldy.