Ï Döwrebeplaşdyrylan gämileriň hatarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwrebeplaşdyrylan gämileriň hatarynda

view-icon 818
Düýpli abatlaýyş işleri tamamlanandan soňra bäş ýüz tonna ýük daşamaga ukyply bolan „Balkan“ gury ýük daşaýan türkmen gämisi öz deňiz duralgasyna gaýdyp geldi. „Reýn“ derejeli ýük daşaýan bu gämi Astrahanda Wolgo-Kaspiý gämi abatlaýyş kärhanasynda abatlanyldy.

Täze ýylda Türkmen deňiz söwda flotynyň gury ýük daşaýan döwrebaplaşdyrylan gämileriniň üstüni ýetiren „Balkan“ gämisi ýüzüşi çäklendirilmedik sebitli umman ýük daşaýan gämilerine degişlidir. Uzynlygy 87,9 metr we ini 12,6 metr bolan bu gämi ýükli ýagdaýda doly ýörände 11,5 uzel tizligini artdyrmak bilen, örän gowy hilli deňizde ýöriş hiline eýedir. Gämi esasan hem – gurluşyk önümlerini, gangarylýan ýükleri, gaplanan we konteýnerleri goşmak bilen agyr ýükleri, zynjyrly we tigirli tehnikalary, agyr kärhana, nebitgaz we beýleki enjamlary daşamaga niýetlenendir.

Astrahan gämi ussahanasynda gury ýük daşaýan gäminiň hemme zady öz içine alýan abatlaýyş işleri geçirildi. Gäminiň bütin durkuny gutarnykly abatlaýyş, ýangyç we beýleki ýangyç tanklaryny we uly göwrümli gaplaryny arassalamak we gazsyzlandyrma, wintorul toparlaryny abatlamak, gäminiň paluba enjamlaryny we elektromehaniki böleklerini abatlamak işleri amala aşyryldy. Baş hereketlendirijiniň we dizel-generatorynyň işleýşi doly möçberde dikeldildi. Elektroakustika, gidrawlika, sorujylar, halas ediş we beýleki serişdeler täzeden goýuldy. Häzirki zaman talaplatyna laýyklykda gäminiň maşyn bölümleri, gäminiň dolandyryş rubkalary, ýaşaýyş otaglary howany sowadyjy we yyladyjy enjamlar bilen üpjün edildi. „Balkan“ gämisi nawigasiýa enjamlarynyň soňky nesilleri bilen üpjün edildi. Nal kakylyp bolunandan soňra köp ugurlu gury ýük daşaýan türkmen gämisi deňiz gämileriniň ulanyş howpsuzlygy standartlary boýunça reýestr klasyny tabşyrmaga Asrahana bardy. Onuň netijeleri boýunça bu gämi deňiz gatnawynyň Russiýa Registriniň halkara şahadatnamasyny aldy.

Türkmen deňiz söwda floty Müdirliginde milli söwda flotynyň mümkinçiliklerini berkitmek üçin täze iň häzirki zaman gämilerini satyn almak bilen bir hatarda, „Amur“ derejeli gury ýük daşaýan gämileriň tehniki ölçegleriniň we nawigasiýa enjamlarynyň durkuny tapgyrlaýyn we toplumlaýyn täzelemek işleri alnyp barylýar. Iki ýyl mundan ozal şu görnüşdäki gury ýük daşaýan gämileri - her biriniň ýük göterijiligi üç müň tonna bolan „Türkmenistan“ we „Magtymguly“ gämilerinde innowsion tehnologiýalary ulanmak bilen, dok abatlaýyş işelri geçirildi

Häzirki wagtda Türkmen söwda flotynyň döwrebaplaşdyrylan iritonnažly gämileri Türkmenbaşy däňiz duralgasyndan Hazar ýaka ýurtlarynyň deňiz duralgalaryna halkara gatnaw hyzmatlaryny etmek bilen, Hazar deňzinde gämi kireýi bilen ýük daşalmagyna işjeň gatnaşýarlar. Olar daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ösdürilmegine önjeýli goşant goşmak bilen, ýükleri daşamagyň çäklerini we görnüşlerini barha giňeldýärler.