Ýurduň, umumy meýdany 860 müň gektar bolan, bugdaý ekilen meýdanlarynda ekinlere ideg etmekde agrotehniki çärelerini geçirmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýurduň ähli sebitlerinde topragy mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny bermek geçirilýär. Şeýle hem şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda hapa-hoşal otlara we ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Topraga dökün bermek işleri boýunça oba hojalyk çärelerine „Türkmenobahyzmat“ Assosiýasynyň hünärmenleri gatnaşýarlar. Ekin meýdanlarynda, howanyň üýtgäp durmagy bilen baglylykda, ýörite tehnikalaryň bit müňe golaýy netijeli işledilýär.
Ekiş möwsüminiň dowamynda şu ýylyň gyş paslynyň birden üýtgäp durýan howasyna durnukly bolan bugdaýyň iň gowy görnüşleri ekildi. Olaryň hatarynda „Batko“, „Sähraýy“, „Ýolöten-1“, „Bitarap“, „Juwan“, „Türkmenbaşy-1“ we beýlekileri görkezmek bolar.
Ekiş üçin türkmen seçgiçileriniň zähmetleri netijesinde bugdaýyň täze görnüşleriniň ikisi ilkinji sapar ulanyldy. Howa-toprak şertlerine laýyklykda, ýurduň ähli welaýatlarynda (Balkan welaýatyndan başga) bugdaýyň „Ýolöten-3“ görnüşi, Mary welaýatynda bolsa - „Miras“ görnüşi ösdürilep ýetişdirilýär. Bugadüyň ýumşak görnüşleri ýurduň pagtaçylyk we däneçilik Ylmy-barlag institutlarynda taýýarlanylýar. Ekin meýdanlarynda gelip çykyşy boýunça Russiýänyň Stawropol ülkesinde ösdürilip ýetişdirlýän Nota, Irişka we Wassa ýaly täze görnüşleriniň üçüsi ekilýär. Ösdürilip ýetişdirilýän däne ekinleriniň ählisi ir ýetişýänligi we ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki günde Türkmenistanda bugdaýyň jemi 15 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.
Şu ýyl gallaçylaryň öňünde döwlet buýurmasyna laýyklykda – 1 million 600 müň tonna bugdaý taýýarlamak wezipesi durýar.