Ï Sürüleri gyşlatmak üstünlikli alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sürüleri gyşlatmak üstünlikli alnyp barylýar

view-icon 815
Balkan welaýatynda mallary gyşlatmak dowam etdirlýär. Çölde bakylýan sürüler öri meýdanynyň ýakyn ýerlerinde ýerleşýän guýularda suwa ýakylýar, howanyň oňat günleri bolsa öri meýdanynyň otlary bilen iýmitlendirilýär. Hojalyklaryň ählisinde özüni gowşagrak duýýan ene goýunlary goşmaça iýmitlendirmek işleri ýola goýuldy. Şunlukda zooweterinariýanyň talaplary berk berjaý edilýär.

Gyş paslyna öňünden oňat hilli taýýarlyk görüldi. Umuman welaýat boýunça 8565 tonna iri baldakly ot we 942 tonna saman taýýarlanyldy. Gar ýaganda ýa-da güýçli aýaz bolan wagtynda sürüleriň saklanylýan ýeri bolan ýataklaryň 37-si we agyllaryň 119-sy öňünden abatlanyldy. Adatça gyş aýlarynda sürüler ýowşan-şoraly öri meýdanlarynda bakylýar. Olaryň artykmaç taraplary bolsa, gar ýagan wagtynda bu ösümlikler gara basyrylmaýar, olaryň baldaklary bolasa mallara iýmit hökmünde hyzmat edýär, beýikli-pesli ýerler bolsa sowuk, içiňden egçip barýan şemaldan ygtybarly goraýar.

Bahar pasly barha ýakynlaşyp gelýär. Mallary oňat hilli gyşladylmagynyň yz ýany bilen has möhüm möwsüm – mallardan owlak-guzy almak möwsümi başlanaýar. Maldarlar şu ýyl her 100 ene goýundan şonça hem guzy almagy maksat edinýärler. Alynan guzylaryň köpüsi bolsa ösdürime göýberiler. Çarwadarlaryň ýaz „hasylynyň“ nähili ýagdaýda boljakdygyny köp babatda mallaryň häzirkiýagdaýy we olaryň semizligine baglydyr. Ýazyň ýyly şemalyny öri meýdanlary subtropik guşaklykda ýerleşýän Etrek etrabynyň „Gyzylbaýyr“, „Dehistan“ döwlet maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary eýýäm duýýarlar.

Akyldar şahyr Magtymgulynyň goşgularynda welilik bilen wasp edilen Dehistanyň baýyrlarynda eýýäm fewral aýynyň başlaryna goýun sürüleri we beýleki mallar üçin örän ýokumly gyrtyç otlar gögerýär. Olaryň iň ýokumlysy bolsa köp ýyllyk ösümlik bolan ýylakdyr. Önuň gögermegi durnukly ýyly howanyň gelendigini aňladýar. Ýylak köp sanly mal sürüleri üçin gymmatly iýmitdir. Ony düýeler hem işdämenlik bilen iýýärler.

Balkan welaýatynyň öri meýdanlary örän giň çäkleri eýeleýär. Bu bolsa maldarçylygyň ähli pudaklaryny, ilkinji nobatda dowardarçylygy we düýedarçylygy ösdürmäge iş ýüzünde oňaýly şertleri döredýär.