Umumy meýdany 550 müň gektar bolan ýurduň gowaça ekiljek meýdanlarynda öňde duran gowaça ekiş möwsümine oňat hilli taýýarlyk görülýär. Keş çekmek, sürüm, suwaryş, topragy dökün bilen işleri alnyp barylýar.
„Türkmenobahyzmat“ Assosasiýasynyň traktorlarynyň 1800 töweregi ekin meýdanlarynda sürüm we tekizlemek işlerini amala aşyrýarlar. Ýene-de yzy tirkegli ýöriteleşdirilen tehnikalaryň bir ýarym müňden gowragy topragy mineral dökünler bilen işlerine gatnaşýarlar. Dökünleri gerek bolan mukdarda „Türkmenhimiýa“ Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýär. Ekin meýdanlaryny gerek bolan mukdarda suw bilen öz wagtynda üpjün edilmegi üçin ýurduň Suw hojalyk ministrligi uly tagallalary edýär.
Köp ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, howa şertlerine baglylykda gowaça ekişi mart aýynyň ahyrlarynda – aprel aýynyň başlarynda başlanylýar. Toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, gowaça ekişi ýurduň günorta bňlegi bolan Ahal welaýatynda badalga berilýär. Bu welaýatdau ýyl 120 müň gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde Mary we Lebap welaýatlarynda gowaça ekişinw girişiler. Soňra gowaça ekişi Balkan we Daşoguz welaýatlarynda başlanar. Mary welaýaty gowaçany iň köp ekäýän welaýatdyr. Welaýatda gowaça 165 müňgektar meýdana ekiler. Lebap welaýatynda – 120 müň gektar, Daşoguz welaýatynda – 140 müň gektar, Balkan welaýatynda - 5 müň gektar meýdana gowaça ekiler.
Öňde duran gowaça ekiş möwsümine orta we inçe süýümli gowaça tohumynyň 70 müň tonnasy taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Tohumçylyk we sort-synag döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň 13-ň hünärmenleriniň berk gözegçiligi esasynda tohumlaryň esasy hil görkezijileri kesgitlenilýär.
Umumylykda, „ak altynyň“ geljekki hasylynyň esasyny gowaçanyň 15 görnüşi tutar. Orta süýümli gowaçanyň „149F“, „133“, „Ýolöten-7“, „Daşoguz-120“, „Serdar“, „S-4727“ ýaly görnüşleri ekiler. Mundan hem başga gowaça meýdanlaryna Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň pagtaçylyk ylmy-barlag institutynyň alymlarynyň taýýarlan gowaçanyň „Ýolöten-39“ orta süýümli we inçe süýümli „Ýolöten-32“ görnüşleri ekiler. Gowaçanyň bu görnüşleriniň tohumlary synagdan üstünlikli geçdi, önümçiligiň talaplaryna laýyk gelýär, olary synag etmek işleri geçen ýylyň möwsüminde synag meýdançalarynda geçirildi.
Gowaçanyň inçe süýümli „Ýolöten-14“, „9871-I“ görnüşleri we beýlekiler diňe Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň pagtaçylyk ylmy-barlag institutynyň alymlary gowaçalaryň täze görnüşleriniň seçgi işlerini geçirýärler, dökün bermegiň we ekinleri kesellerden goramagyň we zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça gorag serişdelerini taýýarlamagyň, suwarmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlaýarlar. Ýurduň pagta öndürijileri şu ýyl 1 million 50 müň tonna pagta taýýarlamagy maksat edinýärler.
2012-nji ýylyň hasyly barada aýdylanda bolsa, şu günler ýurduň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 36-nda eýýäm 900 müň tonna töweregi pagta gaýtadan işlenildi, bu işler üstünlikli dowam etdirilýär. Geçen ýyl ýurduň pagtaçylary meýdandan 1 million 235 müň tonna pagta ýygnap, döwlet tabşyrygyny 11 göterim artykmajy bilen ýerine ýetirmegi başardylar.