Türkmenistanyň Germaniýanyň Kýoln şäherinde dünýä atşynaslygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşini äşgär edýän “Spoga horse” ady bilen geçirilýän atçylyk sportuna degişli Halkara sergisine gatnaşmagy onuň maksatnamasyndaky möhüm waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenleriniň ünsüni türkmen atşynaslygynyň mümkinçiliklerine gönükdirmek bilen uly üstünlige eýe boldy.
Kýolyndaky sergide guralýan bu iri çäre her ýylda atçylyga degişli öňdebaryjy komnaniýalary, atçylyk kärhanalarynyň wekillerini, ýöriteleşdirilen edaralaryň ýolbaşçylaryny, çapyksuwarlary we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen atçylyk sportunyň muşdaklaryny özünde jemleýär. Ol onlarça müň tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Sergide pudagy maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek ulgamyndaky iň täze işlenip taýýarlanylan taslamalar, şol sanda atçylyk fermalary we aýlawlar üçin enjamlar, gurallar, häzirki zaman at esbaplary, çapyksuwarlaryň gurallary, bedewlere ideg etmek üçin zerur bolan harytlaryň giň görnüşleri, atçylyk sportunda zerur bolan önümler görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Syýahatçylyk boýunça döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guran Türkmenistanyň milli sergisi ýurdumyzyň häzirki döwürde bu ulgam boýunça halkara derejesinde ykrar edilen atşynaslygy barada doly maglumat berýär.
“Spoga horse” sergisine Türkmenistanyň gatnaşmakdan maksady dünýä ýüzünde ahalteke bedewlerini, türkmen atşynaslarynyň we seýisleriniň toplan baý tejribesini, biziň halkymyzyň “behişdi bedewler” bilen baglanyşykly milli däplerini wagyz etmekden, şeýle hem täze işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan hem-de ahalteke bedewleriniň öz Watanyndaky beýik şöhratynyň täzeden dikeldilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen halkara jemgyýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Türkmenistanyň guran bezegli sergisi oňa gatnaşyjylara türkmen halkynyň bedewlere bolan çuňňur söýgüsine aralaşmaga, milletiň baý ruhy mirasyna göz ýetirmäge, ahalteke tohumdaky atlaryň iň gowy wekilleri barada köp zatlary bilmäge, şeýle hem biziň ýurdumyzda atşynaslyk işiniň häzirki döwri we geljegi barada ýakyndan bilmäge mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzyň atşynaslarynyň öňünde bu pudagyň dünýä derejelerine çykarylmagy, arassa ganly bedewleriň baş sanynyň artmagy we ahalteke atlarynyň tohumynyň kämilleşdirilmegi babatda birnäçe wezipeleri goýmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlere maksada okgunly we toplumlaýyn häsiýet berilmelidigini hem-de onuň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylmalydygyny belledi.
Häzirki döwürde ägirt uly tohumçylyk-seçgi mümkinçiligine eýe bolan ýurdumyzyň atşynaslyk boýunça tohumçylyk ulgamyna täze ylmy usullar we guramaçylykly çemeleşmeler, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrylýar we bu ajaýyp bedewleriň arassa ganlylygynyň aýawly saklanjakdygyna hem-de milli taryhy gymmatlyk hökmünde, minnetdar nesillere ýetirilijekdigine şek-şübhe bolup bilmez.
Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni goldaw berilmeginde we atalyk aladasy netijesinde türkmen atşynaslary özüniň ahalteke bedewleri bilen halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýarlar. Biziň “ganatly bedewlerimiz” abraýly bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýärler, halkara gözden geçirilişiniň ýeňijileri bolýarlar we talapkär bilermenlere uly täsir galdyrýar. Halkara bäsleşiklerine, aýlawlaryna, festiwallara gatnaşmak bilen ahalteke bedewleri mähriban Watanymyzyň hem-de zähmetsöýer türkmen halkynyň şöhradyny belende göterýärler.
Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap atçylyk sporty toplumlarynyň açylmagy ýurdumyzyň atşynaslygynyň we atçylyk sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Dürli ugurlary özünde jemleýän bu işler barada aýdylanda, dünýäniň onlarça ýurtlaryny özünde birleşdirýän we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilendigini aýratyn bellemeli. Türkmenistanda bolşy ýaly, halkara giňişliginde ahalteke atçylygyny ösdürmek işine goşan ägirt uly goşandy üçin XXI asyryň döwlet işgäri hökmünde ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan we “Ahalteke bedewi-- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu assosiasiýanyň prezidentligine saýlandy.
Şeýle hem milli Liderimiz tarapyndan şöhrat gazanan tohumdaky bedewleriň arasynda ýörite bäsleşik esaslandyryldy. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş adamzadyň bahasyz baýlygyna öwrülen ajaýyp ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi özboluşly çärä öwrüldi.
Ahalteke bedewi tohumçylyk-seçgi ulgamynda işleýän atşynaslaryň köp nesilleriniň yhlasly zähmetiniň netijesidir, gadymy atşynaslyk medeniýetiniň mirasydyr. Ol häzirki döwürde häzirki zaman hünärmenleriň yhlasy netijesinde barha baýlaşýar. Bu ugur boýunça tejribeler nesilden-nesle geçip, çapylýan atlaryň taýýarlamak usullary Ýewropa ýurtlaryna hem hut biziň sebitimizden aralaşypdyr. Häzirki döwürde daşary ýurtlarda türkmen seýisleriniň tejribelerine bolan isleg barha artýar. Oňa daşary ýurtly hünärmenler aýratyn üns berýärler. Bu ugur boýunça hünärmenleriň, atlara hakyky gadyr goýýanlaryň, bilermenleriň we onuň muşdaklarynyň Germaniýada guralan sergidäki türkmen bölümine uly gyzyklanma bildirmekleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Serginiň işiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary halkara assosiasiýalarynyň we Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Şwesiýa, Gollandiýa, Norwegiýa, Türkiýe, Argentina, şeýle hem Hytaý, Pakistan, Hindistan ýaly daşary ýurtlaryň atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda ýöritelşýän kompaniýalarynyň we firmalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri serginiň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary Kristof Werner we Matias Berker bilen duşuşyk geçirdiler. Gepleşiklerde ugurdaş düzümler we guramalar bilen ýygjam hyzmatdaşlygy we göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar Türkmenistanda atşynaslygyň ösüşiniň netijelerine haýran galdylar. Şeýle hem olar Türkmenistanda aprel aýynyň aýagynda Türkmen bedewiniňi güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna we onuň çäklerinde geçiriljek halkara maslahatyna, sergä we dürli sport çärelerine gelip görmäge çagyryldylar.
Türkmen atçylyk ulgamynyň halkara pudagyna goşulyşmagy “behişdi bedewleriň” diňe bir tohumçylyk binýadynyň giňeldilmegine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem bu ugurdaky bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň, medeni we sport taslamalarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine şertlendirer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň türkmen halkynyň gadymy däpleriniň binýadynda döwrebap ýagdaýda ösdürilmegi pudagy dünýäniň ykdysady ýagdaýyna utgaşdyrmaga, onuň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny yzygiderli ösdürmek jähetinde hem bedewiň orny ýokarlanýar. Atlaryň sagaldyş we bejeriş tejribesinde ulanylmagy derwaýys ugur hökmünde öňe sürülýär. Häzirki zaman ýörelgeleri, tejribe hem-de maglumat alyşmak boýunça daşary ýurtlar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şeýle hem halkara atçylyk sporty boýunça ýaryşlaryň geçirilmegi pudagyň döwrebap ösdürilmegini şertlendirýär.
Munuň özi daşary ýurt işewürleriniň we hünärmenleriniň ajaýyp hem-de nusgalyk atlaryň mekany hasaplanýan Türkmenistana bolan ýokary ünsüni üpjün edýär. “Spoga horse” sergisinde biziň ýurdumyzyň gazanan netijeleri bu ulgamda döwletara, pudagara we şahsy derejede göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bolan meýilleri tassyk edýär.