Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň Marynyň abatlaýyş-mehanika kärhanasynda Kakanyň “Gozgançaý” suw howdany üçin tigirli gatlalaryň sekizsini taýýarlamak işleri tamamlandy.
Şu günler bu kärhananyň metalkonstruksiýasy bölüminde „Garagumsakagurluşyk“ önümçilik birleşigi üçin iri buýurmasy - Garagum derýasynyň sakasynda suw bölünýän ýerlerinde işleýän zemsnarýadlar üçin ýüzýän goşalanan pontonlaryň sekizisi gurnaldy. Zemsnarýadlar diňe bir enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary bilen toplanylman, eýsem olaryy abatlamak we durkuny täzelemek işleri hem geçirilýär. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem zemsnarýadyň bäşisini abatlamak meýilleşdirilýär. Bu ýüzýän enjam Garagum derýasynyň akabasyny arassalamakda we çuňlaşdyrmakda, şeýle hem kenarlaryny berkitmek işlerinde ulanylýar.
Bu kärhana mundan altmyş ýyl ozal Garagum derýasynyň gurluşygy mynasybetli döredildi. „Garagumderýagurluşyk“ önümçilik birleşigi bolsa şu ýyllaryň dowamynyň ählisinde onuň buýuryjysy boldy. Abatlaýyş-mehanika kärhanasynda işleriň we hyzmatlaryň uly göwrümi – çoýun guýmakdan başlap, bölekleri, enjamlary, demir gurluşlary kebşirlemekden, „Komasu“ kysymly ekskwatorlary goşmak bilen, dürli tehnikalary düýpli abatlamakdan ätiýaçlyk şaýlaryny we detallaryny öndürmäge çenli işler amala aşyrylýar. Şu günler bu kärhanada suwuk ýangyç önümlerini daşamak üçin niýetlenen suwuk ýükleri daşaýan baržalaryň ikisini abatlamak işlerine girişildi.
Kärhanada öňde duran üç ýylyň dowamynda iri göwrümli birnäçe tapgyrda ýerine ýetirilmeli işler – bölümleri, binalary düýpli abatlamak boýunça işleri ýerine ýetirmek, ýokary öndürijilikli, häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen täze önümçilik meýdança toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.