Ï Süýji-köke önümleriniň öndürilişi artdyrylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Süýji-köke önümleriniň öndürilişi artdyrylar

view-icon 1108
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän azyk senagatynyň iri kärhanalarynyň biri bolan „Lebap lezzeti“ Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uly ösgertmelere garaşýar. Süýji-köke önümlerini öndürýän bu kärhanayň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiýasiýasy tarapyndan yglan edildi.

Resminamanyň şertlerine laýyklykda, bu desganyň gurluşy düýpli özgerdiler. Kärhananyň durkunyň täzelenilmegi netijesinde önüm öndürilişini ep-esli artdyrmak, önümleriň hilini ýokarlandyrmak, onuň görnüşlerini giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Süýji-köke önümleriniň öndürilişiniň ýyllyk möçberi 5000 tonna çenli artdyrlar. Önümleriň görnüşlerinden kökeleriň, süýjileriň, nabadyň, nogulyň, halwanyň, miwe kişdeleriniň we beýleki süýji tagamlaryň täze onlarça görnüşi öndüriler.

Kärhananyň önümçilik bölümleri we kömekçi binalary innowasion enjamlary, häzirki zaman howa täzeleýji ulgamy bilen üpjün ediler. Ammar, himiýa we bakteriologiýa, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlarynyň wegaplaýjy materiallary ammarynyň, ussahananyň, ulag goýulýan ýeriniň binalarynyň hem durky täzeleniler hem-de olarda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler.

Adminstratiw-durmuş ähmiýetli binalar bolan edara binasy, naharhana, lukmançylyk hyzmaty we sport ähmiýetli jaýlar hem täze görnüşe eýe bolar. Kärhananyň çäklerinde energiýa üpjünçiliginiň. suw üpjünçiliginiň, ýangyn howpsuzlygy desgalarynyň täze binalary emele geler.