Bitaraplyk şaýoly boýunça “Şabat” akabasynyň üstünden gurlan täze awtomobil köprüsi Daşoguz şäheriniň ulag düzümini ösdürmekde ýene-de bir möhüm ädim boldy. Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda ýerli hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze desganyň açylyş dabarasy boldy.
Asylly däbe görä, täze desganyň işe girizilmeginiň şowhunly baýramçylyga beslenen dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar köpri gurujylar bilen bilelikde täze köprüden dabaraly ýagdaýda geçdiler, toý ulag kerwenleri we welaýata gelip gowşan awtomobil tehnikasy hem şol köprüden geçdi. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gazanan zähmet üstünliklerini wasp etdi. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.
Şäheriň esasy suw akabasynyň üstünden gurlan täze köpriniň uzynlygy 72 metre, ini bolsa bölüji zolaklar bilen 30 metre barabardyr. Ol şaýoluň bu böleginde ozalky köpriniň ýerinde guruldy. Gurluşyk geçirilýän mahaly işleriň oýlanyşykly guralmagy Şabadyň öňki möçberinde geçiriş ukybyny saklap galmaga mümkinçilik berendigini belläp geçmeli. Täze desganyň zerurlygy Bitaraplyk şaýolunyň şäherde geçirilen düýpli durkuny täzeleýiş işi bilen ýüze çykandyr. Onuň barşynda uzynlygy 5 kilometre barabar bolan ýol örtügi 2 zolaga bölündi.
Daşogzuň merkezi böleginde gatnawy ep-esli azaldyp, şol ýerde ýol örtüginiň hatardan çykmagyny peselder we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyryp,kem-käsleýin sowma ýoluň wezipesini ýerine ýetirýän şaýol boýunça awtoulagyň hereketini ep-esli çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.
Şular ýaly täze desga ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek, ulag pudagyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýükleriň daşalyşynyň we ýolagçylaryň gatnadylyşynyň möçberlerini artdyrmak, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy.
Bu babatda ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, Daşoguz şäherinde hem ulag ýollaryny ösdürmäge uly üns berilýär. Soňky ýyllarda bu ýerde häzirki zaman talaplaryna laýyklykda birnäçe şäher awtomobil ýollarynda işler geçirildi, olarda ýol düşegi doly täzelendi we giňeldildi. Şäheriň Türkmenbaşy, Magtymguly, Görogly, Bitaraplyk we beýleki şaýollary has giň hem-de owadan görnüşe eýe boldy, şol ýerlerde hem ýoluň gatnalýan böleginiň täze yşyklandyryş ulgamlary, häzirki zaman hereketi sazlaýjy yşyklar we ýol belgileri hem oturdyldy. Geçirilen işler eýýäm ulag hereketiniň tizligini we hereketiň howpsuzlyk derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.