Aşgabatda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar üalynda „Turkmen-Europa Adwanged Ghamber EmpoweRment“ (TEAGHER) taslamasyna gatnaşyşyjylaryň jemleýji maslahaty geçirildi.
Taslama iki ýyl mundan ozal badalga aldy. Onuň maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň çäklerinde telekeçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Söwda-senagat edarasy, şeýle hem Ýewropa bileleşiginden hyzmatdaşlar, şol sanda Awstriýanyň ykdysadyýet Federal palatasynyň ykdysady ösüşe Goldaw instituy hem-de esasy ýörelgesi ykdysadyýetň hususy böleginiň kärhanalarynyň ösüşine gönükdirilen iki sany jemgyýetçilik guramalary – „Segua“ (Germaniýa) we „Hilfswerk Austriýa“ (Awstriýa) taslama gatnaşylylar bolup durýarlar.
Taslamany amala aşyrmaklylk maslahatlar toplumyny guramakdan we Ýewropa bileleşiginiň ýurtlaryny saparlary guramakdan başlandy. Taslamanyň jemleri jemlenende oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini artdyrmagyna, hususy telekeçiligiň işjeň ösdürilýändigine, şol sanda işleriň täze ugurlaryny açmak babatyna şaýatlyk edýän anyk delilleri getirdiler.
Ýewropa öýüniň Türkmenistandaky ýolbaşçysy jenap Teo Hensels „Mugallym“ ady bilen geçirilen jemleýji maslahatynyň hormatly myhmany bolady. Ol bu batda şeýle gürrüň berdi:
- Ýewropa bileleşigi hususy telekeçiligi ösdürilmegini esasan hem 2007-nji ýylda öz işine başlan „Merkezi Aziýa - Inwest“ Maksatnamasy arkaly goldaýar. „Merkezi Aziýa - Inwest“ Maksatnamasy hususy bölegiň, aýratyn hem kiçi we orta göwrümdäki kärhanalary, ösdürilmegini ýardam berýär. Maksatnama iki derejede iş alyp barýar: Merkezi Aziýada telekeçiligi ösdürmäge ýardam berýän dellalçylyk guramalar derejesinde we umumy telekeçilik ýagdaýyny gowlandyrmak maksady bilen, syýasy derejede iş alyp barýar.
Bu taslama Türkmenistanyň sebitleriniň ählisinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň gurluşlaryny esasy guraýjy hökmünde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini berkitmekde öz goşandyny goşdy. Bu taslamanyň ýerine ýetirlen döwründe indi hususy işi, hususy kärhanalary guramak meselelerinde ýokary hilli kömekleri berýän maslahatlaryň taýýarlanandygyny, ýaňy işe başlaýan telekeçiler üçin okuw materiallarynyň, gollanmalaryň we kitapçalaryň işlenilip taýýarlanandygyny aýtmalydyruys. Mundan hem başga, taslama gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan temalary ara layp maslahatlaşmaga hem-de telekeçilik ulgamynda ýewropa bilermenleri bilen pikir alyşmaga, telekeçileri okatmaga mümkinçilikleri aldylar. Taslamanyň Türkmenistanda telekeçiligiň üstünlikli amala aşyrylamgyna özüniň oňaýly goşandyny goşandyr diýip, tama edýärin.