Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryndageleşikleriň 57-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we Marşall adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen A-92 belgili awtobenzini, gidroarassalanylan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, polipropileni satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler şeýle hem suwuklandyrylan gaz (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük, azyklyk bugdaý, pagta süýümi, buýan köki, sütük, ulýuk we lint ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Italiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Lihtenşteýn, Ukraina, Azerbaýjan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 294 million dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Pakistanyň, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 24 million manada golaý bolan pagta ýagyny, dürli dokma önümlerini, nah ýüplük we mata, trikotaž mata, ýüpek çig malyny, pagta süýümini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 150 müň manatlykdan gowrak polipropilen we azyklyk bugdaý satyn aldylar.