Düýbüniň tutuluş dabarasyndan badalga alan Türkmenabat şäheriniň howa menziliniň guruluşygy Lebabyň raýat awiasiýasynyň taryhynda täze sahypalary açýar.
Türkmenabat Beýip Ýüpek ýolunyň taryhy ugrynda ýerleşmek bilen, geografiki taýdan oňaýly ýerleşendir.
Türkmenabadyň häzirki işleýän howa menzili 1926-njy ýylda ulanylmaga berildi. Mundan soňra onuň birnäçe gezek durky täzelenildi. Aýraty hem Türmenistanyň garaşsyzlygyny almagy bilen, bu ýerde uly özgertmeler bolup geçdi. Bu howa menzili häzirki zaman howanawigasiýa ulgamy bilen üpjün edildi, perronda awtomatlaşdyrylan ýangyç guýujy duralgalaryň üçüsi guruldy, uçuş-gonuş üolagy uzaldyldy, işgärleriň iş şertleri hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hili gowlandyryldy
Hyzmat ediş mümkinçiligi sagatda 500 ýolagça niýetlenen Türkmenabadyň täze „howa derwezeleriniň“ gurulmagy dünýäniň köp döwletlerine halkara gatnawlaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döreder. Has hem bu häzirki wagtda Lebap welaýatynda iri daşary ýurt kompaniýalarynyň işleýändigini nazara alanyňda, uly ähmiýete eýe bolar. Täze howa menziliniň gurluşygy potratçylaryň arasynda yglan edilen halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan ukrainanyň „Altkom“ kompaniýasyna ynanyldy.
Bu açar menzil toplumynyň gurluşyk taslamasynda uzynlygy 3800 metr bolan 9 sany uçuş ýolly uçuş-gonuş zolagy; howa gämileniň duralgasy üçin perron; ýolagçy terminalynyň we VIP terminalynyň binasy; ýük dolanyşygy 200 tonna bolan ýük terminaly, nobatçy diňi, howa menziliniň doly göwrümde işlemegi we onuň howsuzlygy üçin beýleki gurluşlar ýerleşýän umumy meýdany 360 gektar bolen ýeri bölüp bermek göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde Dünäýniň meşhur kompaniýalarynda öndürilen awtomatlaşdyrylan aerodrom meteorologiki ulgam, aeronawigasion, radiotehniki, yşk arkaly duýduryş beriji enjamlar oturdylar. Gurluşyk işleri tamamlanandan soňra Türkmenabat howa menzili IСAO ikinji derejesine laýyk geler. Bu bolsa uçarlara hat-da gözýetimiň erbet bolan ýagdaýlarynda hem gonmaga şert döreder. Gurluşygyna ýüzlerçe million dollar bölünip berilen bu desgany 2016-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.