Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 781
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini, ABŞ-dan gelen işewürler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki uglerodyny satyn aldylar. Mundan başga-da, dürli ölçeglerdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensa, jinsi matasy, nah ýüplük, aşgarlanan mata, pagta süýümi, nah matalaryň galyndylary daşary ýurt puluna ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Hytaý, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Belgiýa, Ukraina.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million 176 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri süýji-köke önümlerini, jinsi önümlerini, nah ýüplügi, aşgarlanan matany, garaköli we saryja goýunlarynyň ýuwlan ýüňüni satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 6 million 669 müň manatdan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri azyklyk bugdaýy satyn aldylar, onuň umumy bahasy 59 müň manatdan gowrak boldy.