Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga hem daşary ýurt walýutasyna dürli möçberdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensa, nah ýüplük, pagta süýümi, garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňi, gara mallardan alnan ýarym fabrikatlar, dowarlaryň derileri, süýümli ulýuk ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Singapur, Owganystan, Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million 230 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah matany we ýüplügi, pagta süýümini hem-da garaköli goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 12 million 200 müň manatdan gowrak boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri azyklyk bugdaýy satyn aldylar. Onuň umumy bahasy 300 müň manada golaý boldy.