Ï Türkmen benzini ekologiki taýdan has arassa bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen benzini ekologiki taýdan has arassa bolar

view-icon 757
Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň senagat üolagynyň çäklerinde dört sany täze enjam – mazudyň wakkum işelnilip saplanyşy, ýeňil olefinleri alkilirlemek, benzinleriň garyşmagy we ýeňil benzinleriň izomerizasiýasy ýaly enjamlar gurular. Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň taslama, satyn almak we gurmak işlerini TNGIZT baglaşan şertnamasy boýunça günorta koreýanyň „LG International“ we „Hundai Engineering., Ltd“ kompaniýalary amala aşyrýar.

Innowasion gurluşygyň iri göwrümli taslamasy işlenilip taýýarlanylýan onümleriň möçberini mundan beýläk hem artdyrmaga, esasan hem uly islegden peýdalanaýan ekologiki taýdan arassa ýokary oktantly awtoulag benzinleriniň hasabyna TNGIZT bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilendir. Dünýä bazarlarynyň has ýokary hilli ýangyja bolan islegleri harytlyk energo göterijileriň ulanyş aýratynlyklaryna we ekologiki howpsuzlygyna halkara we milli standartlar tarapyndan bildirilýän talaplaryň ýitileşmegi zerarly yzygiderli artýar.

Kärhanada durky täzelenen önümçilik bilen bir hatarda iň häzirki zaman enjamlar bolan millisekuntlyk katalitiki kreking (MSСС), katalitiki riforming (ССR), dizel ýangyjyny gidro arassalaýyjy, awiasiýa kerosinini arassalaýjy, gudrony deasfaltlaýan bölek bilen haýal kokslanýan (UZK-2 DAG) gaýtadan işleýän, nebiti ilkinji arassalaýan (ELOU AT-7) zawodlar we beýleki örän kuwwatly tehnologiki desgalar gurulýar. Ýangyç çig malyny gaýtadan işlemegiň esaslaryny artdyrmak TNGIZT döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen benzini ýylsaýyn ekologiki taýdan howpsuz bolup durýar. Täze tehnologiki enjamlaryň dördüsiniň gurluşygyna başlanylmagy hem bu maksatlara hyzmat edýär.

Alkilirlemegiň, alkilat fraksiýasy çig malyny gaýtadan işlemegi izomerizasiýa etmek we wakkum distiýasilýasy benzinleriň ýokary oktantly bölekleri bolup durýar. Olar hereketlendirijiniň ýangyjynyň detohasion durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir. Benzin fraksiýalary bilen garyşdyrlmagy netijesinde täze enjamlarda düýply gaýtadan işlenen nebitden alynan önümler pes oktanly benzinlerden ýokary oktanly benzinleriň önümçiligini we hilini artdyrýar. Awtoulag ýangyjyny has arassa etmek işi bolup geçýär, diýmek onuň içerki we daşady bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylyk hiliniň ýokary bolmagy gazanylýar.