Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ykdysady sergisi öz işini tamamlady. Ol bu jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygyna bagyşlandy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen güni mynasybetli ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň gazananlarynyň her ýylda geçirilýän sergisi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýän telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini şertlendirýär.
Serginiň giň möçberli bölümleri ykdysady görkezijileriň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine ägirt uly goşant goşýan kiçi hem-de orta telekeçiligiň wekilleriniň işjeň başlangyçlarynyň meýdançasyna öwrüldi.
Iki günläp dowam eden sergä aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi gelip gördüler. Olar ýurdumyzda giňden tanalýan hem-de täze başlaýan ýurdumyzyň telekeçileriniň alyp barýan işleri barada anyk düşünje aldylar.
Serginiň bölümleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň telekeçilik ulgamynyň ösüşiniň möhüm ugurlaryny öz içine almak bilen, hususyýetçiligiň gazananlaryny, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, azyk harytlarynyň we durmuş himiýasynyň, gurluşyk we gurluşyk materiallarynyň, dokmaçylyk işiniň, mebel önümçiliginiň, bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň, söwdanyň we hyzmatlaryň ýeten derejesi barada aýdyňlygy bilen beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, hususy ulgamyň wekilleri ýurdumyzyň bilim, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, mahabat we neşir işleri ulgamlaryna önjeýli goşant goşýarlar.
Ýurdumyzyň telekeçileriň önümleriniň sergisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen telekeçileriň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň hususyýetçileriniň işiniň netijeliligi we köpugurlylygy döwletimiziň hususy işewürligi höweslendirmek we ony goldamak boýunça durmuşa geçirýän maksadalaýyk çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen we ýerli çig mallardan eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürýän iri hususy kärhanalar kemala gelýär.
Önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokary derejede döwrebaplaşdyrylmagy, ýurtda öndürilýän ýokary hilli harytlaryň bolçulygy, önümçilik bazarlarynda bäsdeşlige ukyply hyzmatlaryň ägirt uly görnüşlerini ýola goýmaga bolan mümkinçilikleriň döremegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda telekeçiligiň yzygiderli ösdürilýändigini, batyrgaý başlangyçlarynyň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny alamatlandyrýar.
köp sanly duşuşyklar we telekeçileriň ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, şeýle hem dürli ulgamlarda işleýän kärdeşleri bilen geçiren gepleşikleri we olaryň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň hem-de hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň kesgitlenmegi serginiň işiniň derwaýys netijeleriniň biri bolup durýar.
, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurdumyzyň hususyýetçiliginiň täze mümkinçiliklerini we olaryň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşýan goşandyny aýdyň äşgär eden giň möçberli sergisi öz işini tamamlady.
Ykdysady gözden geçirilişiniň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.
Sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Telekeçiler milli Liderimize hususyýetçiligi ösdürmäge yzygiderli üns we goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de möhüm döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge hem-de ýurdumyzyň dünýä ösüşiniň öňdäki hatarlaryna çykmagyny üpjün etmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.