Ï “Lebap” sement zawody önüm öndürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Lebap” sement zawody önüm öndürýär

view-icon 998
Halkara Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň iň ýaş kärhanasy bolan “Lebap” sement zawody ulanyş iş düzgünine girdi, ol geçen aýda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Wiktor Ýanukowiçiň gatnaşmagynda Garlykda dabaraly ýagdaýda açyldy. Gysga möhletde zawodyň işçileri, hünärmenleri önümçilik tapgyrlaryny, häzirki zaman tehnologiki enjamlara hyzmat etmegi kämil özleşdirdiler we täze önümçiligiň gije-gündizlik sazlaşykly iş depginini gazandylar. Ýokary hilli gurluşyk serişdesiniň ençeme müňlerçe tonnasy öndürildi.

” sement zawody tehniki we tehnologiki üpjünçiligi hem-de öndürýän önümleriniň hili boýunça iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Onuň sehleri, degirmenleri, çagyl owradyjylary, bişiriji peçleri, garyjy diňleri, önüm saklanylýan ammarlary we beýleki kömekçi önümçilik hem-de durmuş desgalary 60 gektar meýdanda ýerleşýär. Olar “Polimeks” türk kompaniýasynyň hünärmenleri we türkmen gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Merkezi dolandyryş nokadynyň binasyndan sement taýýarlanyşyny dolandyrmak we oňa gözegçilik amala aşyrylýar. Bu ýerde iň häzirki zaman kompýuter ulgamy ulanylýar. Önüm öndürmekde önümçiligiň ekologiýasyna we daşky gurşawy goramaga aýratyn üns berilýär.

Inžener ulgamlarynyň häzirki zaman ulgamy guruldy-Mukry şäherçesinden 26 kilometrlik suw geçiriji çekildi, sementi daşamak üçin kärhananyň çäklerinden demir ýol bekedine çenli demir ýol, awtomobil ýoly, energetika ulgamy çekildi. Zawodyň ulag parky häzirki zaman kuwwatly awtomobillerinden ybaratdyr, karýerlerde bolsa iň täze “Katerpiller” ekskawatorlary işledilýär.

Zawod häzirki zaman tehnologiýasy boýunça sementiň uly isleg bildirilýän kysymlaryny öndürýär. Olar ýokary mäkämlikdäki portland sementidir, nebitgaz pudagynda ulanylýan tamponaž sementidir we gidrotehniki desgalarda ulanylýan sulfata çydamly sementdir. Munuň üçin zerur çig mal bolan hek, toýun, gips, kwars çägesi zawodyň golaýynda ýerleşen karýerlerden çykarylýar. Täze kärhananyň taslama kuwwaty bir ýylda ýokary hilli gurluşyk materialynyň bir million tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Sement zawodynyň işe girizilmegi bilen täze iş orunlarynyň 580-si döredi. Önümçiligiň dürli ugurlarynda işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenler we işçiler öz wagtynda taýýarlanyldy. Kärhanada işgärleriň netijeli işlemekleri we durmuşy üçin amatly şertler döredildi. Olar üçin zawodyň şäherçesinde 4 gatly ajaýyp jaýlar, umumyýaşaýyş jaýlary, naharhana, lukmançylyk merkezi, durmuş toplumlary, dynç alyş zolagy, sport meýdançalary guruldy.

Täze sement zawodynyň doly kuwwatynda işledilmegi Günorta-Gündogar Türkmenistanyň gurluşyk materiallary senagaty üçin çig malyň özboluşly gorlaryny senagat taýdan özleşdirmek boýunça ýene-de bir uly ädim ätmäge mümkinçilik berer.