Türkmenistanda gowaçanyň ýokary hilli tohumyny taýýarlaýan häzirki zaman düzümi dörediler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň esasy oba hojalyk welaýatlarynda bu ulgama degişli täze desgalaryň birbada üçüsini - pagta arassalaýjy kärhanalaryň ikisini we hereket edýän kärhananyň çäginde önümçilik bölümini gurmak hakynda karar kabul etdi. Täze enjamlar bilen üpjün ediljek bu zawodlar gowaçanyň ösdürilip ýetişdirilişini täze derejä çykarar. Çünki olar tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge, örän oňat taýýarlanan ýokary hilli tohumlary almaga niýetlenendir. Şol tohumlar soňra bereketli türkmen topragyna sepiler we has köp hasyl almak üçin esas bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konserni täze kärhanalary gurdurmak üçin biziň öňden gelýän hyzmatdaşymyz bolan “Engin Group Consorcium S.A.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Kararda bellenilişi ýaly, bu çözgüt “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek we pagtany gaýtadan işleýän pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen kabul edildi.
Şertnamalarda Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda hem-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanalaryň ikisini hem-de olaryň daşarky we içerki inžener üpjünçilik ulgamlarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda bolsa pagta arassalaýjy kärhananyň çäginde täze önümçilik bölümi bina ediler. Bu kärhanalaryň gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgalary 2015-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Täze kuwwatlyklar tohumlyk pagtany taýýarlamak üçin täze enjamlar bilen üpjün ediler. Öňki usullardan tapawutlylykda, arassalamagyň ösen himiki tehnologiýalary tohumyň gabygyny doly sypyrmaga, şonda olaryň gögerijiligini saklap, tohumyň übtügini aýyrmaga mümkinçilik berer. Şeýlelikde, taýýar tohumlar birleşmez, bu bolsa ekilende olaryň ýitgisini peselder.
Eger häzire çenli Türkmenistanda gowaça ekilende bir gektar meýdana 120 kilogram tohum harçlanýan bolsa, by kärhanalar ulanmaga berlenden soň, şol meýdana 50-60 kilogram tohum sepiler. Gymmatly tohumyň, aýratyn-da saýlama tohumyň ýitgisiniň peselmegi, ýekeleme üçin önümçilik harajatlarynyň azalmagy ýurdumyzda pagtaçylygyň agrotehnikasyny düýpli gowulandyrmaga, onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Ahal we Mary welaýatlaryndaky täze kärhanalaryň her biriniň umumy meýdany 16 gektara deň bolar. Olar önümçilik, barlaghana, ammar we edara binalary öz içine alýan häzirki zaman gaýtadan işleýji toplumlar bolar. Zawodlaryň her biriniň ýanynda 10 müň tonna pagta kabul etmäge ukyply häzirki zaman kabul ediş bölümleri gurlar.
esasy önümçilik binalaryny ABŞ-nyň häzirki zaman tehnologiýa enjamlary bilen üpjün ediler. Doly arassalanandan soň, gowaçanyň tohumy ýörite gaba gaplanyp, ýöriteleşdirilen ammarlarda saklanar. Şonuň ýaly häzirki zaman tehnologiýalary esasy önümçilik bölüminde hem ulanylar. Şeýle bölüm Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň çäginde hem gurlar.
Şeýlelikde, pagtaçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmakda ýene bir uly ädim ädiler. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan özgertmeleriniň çäklerinde obasenagat toplumyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, täze tehnologiýalary we agrotehnikany giňden ornaşdyrmaga tarap ugur alyndy. Bu çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça möhüm wezipäni çözmekde oba hojalygynyň netijeliligini toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.