Ï Ekişe doly taýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekişe doly taýýar

view-icon 1294
Ýurduň 550 müň gektar gowaça ekiljek meýdanlarynda gowaça ekişine taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar. Ekin meýdanlarynda oba hojalyk tehnikalary işledilýär, keş çekmek, topragy işläp taýýarlamak we ýuwuş suwyny tutmak, mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek işleri tamamlanyp barýar. Daýhanlaryň möhüm işleri tamamlandy diýen ýaly – ekin meýdanlarynyň ekişe doly taýýarlygyny üpjün etmek wezipesi doly berjaý edilýär.

Ekin ekiljek meýdanlara agrotehniki çäreleriniň üstünlikli geçirilmegine „Türkmenobahyzmat“ Assosaiýasynyň hünärmenleri mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň ygtyýarynda bir müň sekiz ýüz traktor, şeýle hem bir ýarym müň ýöriteleşdirilen maşynlar tirkegleri bilen bardyr.

Öňde duran ekiş möwsümine gowaçanyň orta we inçe süýmli tohumynyň 70 müň tonnadan gowragy taýýar edildi. Gowaçanyň „149F“, „133“, „Ýolöten-7“, „Daşguz-120“, „Serdar“, „S-4727“ ýaly orta süýümli görnüşleri ýurduň ähli welaýtlarynda ekiler. Gowaçanyň inçe süýüýmli „Ýolöten-14“, „9871-I“ ýaly görnüşleri däp bolşy ýaly, ýurduň diňe Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.


„Ak altynyň“ geljekki hasylynyň esaasyny gowaçanyň 15 görnüşi düzýär. Şeýle hem ýurduň gowaça ekiljek meýdanlarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň YGI alymlary tarapyndan taýýarlanylan täze iki sany orta süýümli „Ýolöten-39“ we inçe süýümli „Ýolöten-32“ görnüşleri ekiş üçin ulanylar.

Gowaçanyň bu görnüşlerini synag etmek işleri geçen ýylyň ekiş möwsüminiň dowamynda geçirildi. Gowaçanyň täze görnüşleri gögerijiligi, ir ýetişýändigi, süýmüniň ýokary hilliligi we çykyjylygy bilen tapawutlanýar.

Gowaça ekişi ilki bilen ýurduň günorta sebitleri bolan Ahal, Mary, Lebap we Balkan welaýatlarynda badalga alar. Aýyň ahrynda Daşoguz welaýatynda hem gowaça ekişine başlanar. Ekiş möwsümine gatnaşdyrylmak üçin dört ýarym müňden gowrak dürli kysymdaky ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalary taýýarlyk hatarynda goýuldy.

Gowaça ekmek üçin Mary welaýatyna 165 müň gektar, Ahal we Lebap welaýatlarynyň her birine 120 müň gektar, Daşoguz welaýatyna 140 müň gektar, Balkan welaýtyna 5 müň gektar meýdan bölünip berildi..

Şu ýyl ýurduň „ak altyn“ ussatlary 1 million 50 müň tona pagta tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu möçber olaryň şertanamalaýyn borçnamalarynda görkezilendir.

Şu günler gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleri bilen bir hatarda 2012-nji ýylyň hasylyny gaýtadan işlemek işleri hem utgaşykly alnyp barylýar Bu işler ýurduň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 36-ynda amala aşyrylýar. Häzirki güne çenli eýýäm 1 million 100 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pagta gaýtadan işlenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurduň pagtaçylary geçen ýyl öz boýun alan borçnamalaryny 11 göterim artyk ýerine ýetirmegi başardylar. Olar şonda 1 million 235 müň tonna pagta ýygnamagy başardylar.