Ï Öýde öňaýlyklar we amtlyklar üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öýde öňaýlyklar we amtlyklar üçin

view-icon 725
DIAGMA hususy fabrikde ortopedik düşekçeleriň önümçiligi özleşdirildi. Bu fabrik Türkmenabatda ýerleşýär. Ony telekeçi Azat Berdiýew esaslandyrdy.


Azat hususy işewürlige 1999-njy ýylda geldi, ol öz işini söwdadan başlady. Gerek bolan başlangyç maýany gazanyp, 2004-nji ýylda özüniň uly bolmadyk mebel öndürýän bölümini açdy. Söňra, telekeçiligi goldamak barada döwlet tarapyndan geçirilýän syýasatyň netijesinde bäş göterimlik karz puluň hasabyna önümçiligi işjeň ösdürip başlady. Her bir liniýany guramak üçin karz pul aldy, özi hem alan karz pullaryny bellenilen möhletinden ep-esli öň üzmegi başardy hem-de täzeden ýene-de karz puly aldy. Şeýlelikde korpus mebelerini, aýnany we ýüz görülýän aýnany öndürmek boýunça bölümler, Bonnel ulgamynyň düşekçelrini öndürmek boýunça liniýa, pogonaž mebel profili emele geldi. Indi pružinaly ortopedik düşekçelri öndürýän iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda POСKET SPIRING ulgamynyň düşekçeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.


Bu günki gün DIAGMA mebel fabrigi öz sarp edijilerine ýatylýan we aşhana garniturlaryny, çagalar otagy we edara jaýlary üçin şkaflary, şeýle hem ýumşak mebelleri, ortopedik düşekçeleri, dükanlar üçin tekçeleri teklip edýär. Önümleriň nusgalary bilen kärhananyň çäklerinde ýerleşýän firma dükanynda tanşyp bolar. Bu ýerde geljekki mebelleriň taslamalaryny düzýän, şeýle hem buýurmalar esasynda alyjylaryň isleglerine görä dürli ölçegdäki taslamalary taýýarlaýan bezegçiler işleýär. Türkmenabadyň mebelleri özüniň hili we owadanlygy boýunça daşary ýurtlarda öndürilýän mebellerden pes gelmeýär, eger-de baha barada aýtmaly bolsa, onda ol daşary ýurtlardan getirilýän mebellerde birnäçe esse arzandyr.

Bu hususy kärhananyň öndürýän önümleri Germaniýada, ABŞ-da, Hytaýda, BAE, Russiýada geçirilýän sergilerde yzygiderli görkezilýär.