Ï Kenar ýakasynyň „howa derwezesi“
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kenar ýakasynyň „howa derwezesi“

view-icon 968
Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroporynda tehniki gonuşy amala aşyrýan daşary ýurt howa gämileriniň sany iki essä golaý artdy. Hazar deňziniň kenaryndaky howa menziliniň şeýle meşhurlygy bolsa howa gämileriniň ýangyjynyň bahasynyň özüne çekijiligidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, dünýäniň awiakompaniýalarynyň uçarlary eýýäm bir ýyla golaý wagt bäri arzanladylan bahaly ýangyç bolen doldurulýar. Bu öňden görüji syýasatyň netijesinde üstaşyr geçýän uçarlara hyzmat etmekden gelip gowuşýan puluň möçberi 6,5 esse artdy.


„Hazaryň kenaryndaky şäherde gurulan täze howa menzili ýurduň raýat awiasiýasynyň hem halkara hem içerki ýolagçy gatnatmak ulgamynda öz mümkinçiliklerini artdyrar, ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň üstaşyr geçirmäge bolan mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga şertleri döreder.“ – diýip, ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziliniň ösdürilmeginiň gelejegini kesgitledi.

Ulanyşa girizilen iň täze awiasiýa gurluşynyň binýadynda „haba“ diýip atlandyrylýan häzirki zaman tranzit howa menzilini döretmek göz öňünde tutlýar. Awiasiýada bu adalga esasy aeroporty, iri düşülip münülýän ulag uzelini aňladýar. Düzgün bolşy ýaly, bu günki gün aeroportlaryň bu derejesine azyndan iki sany uçuş we gonuş zolagy bolan, ähli amatlyklary bolan raýat terminally, ösen aerodrom gurluşy, giň yzygiderli gatnawly, kuwwatly binýatly awiakompaniýa degişlidir.

Adatça, tranzit uzelini döretmek işi köp wagty talap edýär. Bütin aeroprt hojalygynyyzygiderli toplumlaýyn ösdürmek onuň hökmany şerti bolup durýar. Türkmenbaşy aeropertynda eýýäm zerur gurluşlar bardyr. Iri howa menziliniň gurulmagy ýurduň iň bir geljegi uly bolan sebitini – deňziň kenaryny çalt depginler bilen ösdürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Täze howa ulag toplumy ilkibaşdan „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň „howa derwezesi“ bolmagy üçin niýetlenendir.


Türkmenbaşynyň halkara aeroporty şular ýaly häzirki zaman ulag uzellerine bildirilýän iň ýokary atandartlary nazara almak bilen döredilendir. Onuň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 35000 metr, ini bolsa 60 metrdir. Ol uçuşy üpjün etmegiň häzirki zaman ýerüsti serişdeleri bilen üpjün edilen – uzak aralygy ölçeýän radiomaýagyň, yşyk duýduryjylaryň we meteorologiki enjamlaryň ýerleşdirilmegi uçarlaryň ähli görnüşlerine hyzmat etmäge şertleri döredýär. Dünýäde meşhur önüm öndürijiler bolan „SIEMENS“ we „Thales“ kompaniýalarynyň howa hereketini dolandyrmagyň merkezinde oturdylan ýörüte enjamlar diňe bir gatnaw gämilerine yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik bermän, eýsem deňiz kenary sebtiniň howa giňişliginde üstaşyr geçýän uçarlaryna hem gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Täze ulgamlar dispetçerleriň işini hem-de howpsuzlygy ýokarlandyrýar we ýurduň günbatar sebitinde uçuşlary ýeňlleşdirýär. Merkezleşdirilen ýangyç guýujy beket awiasiýa tehnikasyna hyzmat etmegi ep-sli çaltlaşdyrýar. Ol bir wagtyň özünde uçarlaryň sekizsine ýangyç guýmaga şert döredýär.

Täze halkara aeroporty hyzmat etmegiň iň ýokary hillerini üpjün etmäge ukyplydyr, bir sagatda alty sany ýolagçy we iki sany ýük daşaýan uçarlary kabul etmäge we ýolagçylaryň 800-ne hyzmat etmäge mümkinçiligi bardyr. Giň ýolagçylar terminalynda garaşmak üçin, ýolagçylary çalt hasaba almak we mündümek üçin iň gowy amatlyklar döredilendir. Teleskopik trap, maglumatlar tagtasy, halkara şäherar aragatnaşyk nokatlary, goş saklanýan ýer, poçta ýolagçylaryň hyzmatyndadyr. Gatnawlara garaşýan ýolagçylar zaly oňaýly mebel bilen üpjün edilendir, daş-töweregiň – oňäýly kafeteriler, bufetler, duty-free dükanlary, oňaýly çip-zal bardyr. Bu bolsa howa ulaglary bilen syýahatçylyk edýän ýolagçylara aeroportyň zolagynda amatlyklary döredýär we olary ýadatmaýar. Üstaşyr geçýän daşary ýurt awiakompaniýalarynyň sürüjileri-ekipažy üçin bu ýerde ýükleri awtomatlaşdyrylan usulda işläp taýýarlaýan ulgamly ýük terminaly gurulandyr.


Aeropordyň halkara uçar ugurlary boýunça ýolagçylar akymyny ep-esli artdyrmaga we dürli ugurlar boýunça üstaşyr ýükleri daşamagy guramak üçin giň mümkinçilikleri bardyr. Häzirki wagtda bütin dünýäde ösen awiaulag uzelleriniň arasynda üstaşyr ýolagçylary gatnamak üçin yzy üzülmeýän bäsdeşlik bolup geçýär. Kenar ýakasyndaky şäheriň aeroportynyň girdejisi ýolagçy akymynyň artmagynyň we köp görnüşli hyzmatlary teklip etmegiň, şol sanda – Balkan welaýatynda ýük daşalşynyň artmagynyň hasabyna köpeler.

Ýurduň Ýewropany, Kawkazy we Merkezi Aziýany birleşdirýän geografiki taýdan deňiz howa, demirýol we awtoulag çatrygynda öňaýly ýerleşmegi çalt depginler bilen ösdürilýän deňiz kenarynyň howa gatnawlaryny ösdürmekde möhüm orny eýelemelidir. Bu mümkinçiligi amala aşyrmak üçin „Türkmenhowaýollary“ Döwlet milli gullugynyň hünärmenleri golaý wagtda Türkmenbaşynyň üstaşyr uzeli bilen Aşgabat-Moskwa, Aşgabat-Astrahan, Aşgabat-Stambul we Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlaryna halkara gatnawlaryny açmagy meýilleşdirýärler. Bu bolsa çalt depginler bilen ösdürilýän „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň talaplaryna jogap berer.