Ï Durky täzelenmegiň öňisyrasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durky täzelenmegiň öňisyrasynda

view-icon 878
Marynyň süýji-köke öndürýän „Altyn asyr“ açyk görnüşli paýdarlar gemgyýeti“ kärhanasynyň durky doly täzelener. Türkmenistanyň Azyk senagaty assosasiýasy tarapyndan degişli bäsleşik yglan edildi.

Kärhananyň durky täzelenmegi netijesinde önüm öndürmegiň ýyllyk möçberi 3000 tonna çenli artar. Öndürilýän önümleriň üsti kökeleriň we süýjileriň dürli täze görnüşleri, halwa bilen ýetiriler.

„Altyn asyr“ açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň durkuny täzelemegiň meýilnamasy önümçilik we kömekçi sehleriniň durkunyň täzelenmegini hem-de olaryň iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. Önümçiligiň we gaplamagyň, häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylar, kärhannayň çäklerini abadanlaşdyrmak hem göz öňünde tutulýar.