Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig biržasynda geleşikleriň 56-sy hasaba alynldy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Kiprden, Gazagystandan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, A-80 ulag benzinini, binýatlyk ýagy, polipropileni, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Owganystandan gelen täjirler “Türkmengaz” döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazyny aldylar. Russiýadan we BAE-den gelen täjirler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki uglerodyny we ýody satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt walýutasyna tekiz reňklenen we tüýjümek polotensalar, tüýjümek mata, pagta süýümi, nah ýüplük we daralan ýüň satyldy. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, BAE-dan, Türkiýeden, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 132 million dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri, umumy bahasy 12 million manat töweregi bolan pagta ýagyny, nah matany we pagta süýümini, dürli dokma önümlerini satyn aldylar.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 52 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we süýüm übtüklerini satyn aldylar.