Howa süzgüçlerini öndürýän ýurtda ilkinji hususy kiçi kärhamasy „Arass tebigat“ hojalyk jemgyýeti tarapyndan Gökdepe etrabynyň „Ahal“ daýhan birleşiginiň çäklerinde guruldy. Bu kärhananyň kuwwatlygy her aýda ýeňil awtoulaglary çýin 3-4 müň sany süzgüçleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu kiçi kärhana 20 adamyny iş bilen üpjün edýär.
Buýuryjynyň tehnika-tehnologiki buýurmasy esasynda bu ýerde dürli görnüşdäki süzgüçleri, şol sanda gazturbinaly elektrik beketleri we gaz halyndaky garyndylaryň arassalanmagyny talap edýän beýleki senagat enjamlary üçin hem süzgüçler öndürip bolýar. Gökdepeli telekeçileriň öndürýän süzgüçleri hil taýdan daşary ýurtlarda öndürilýän süzgüçlerden pes gelmeýär, olaryň bahasy bolsa daşary ýurlarda öndürilýän süzgüçlerden ep-esli pesdir.