Ï Çalt, amatly, oňaýly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çalt, amatly, oňaýly

view-icon 778
Aşgabat şäher aragatnaşyk ulgamynyň aragatnaşykçylary ýakynda guruan “Altyn asyr” gündogar bazatynyň çäklerinde EDA 2530 kysymly çykarylýan optiki şkafy gurnadylar. Bu bazaryň çäklerinde diňe bir aragatnaşyk nokatlarynyň 640-sy bilen üpjün etmän, eýsem müşderileriň 128-ni ADSL kanaly boýunça ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmäge hem şertleri döretdi.

Bu ýerde ilkinji sapar oturdylan EDA çykarylýan optiki şkaf aragatnaşygyň süýümli-optiki ugurlary arkaly umumy şäher telefon ulgamyna birikýär hem-de ŞTB binýadyndan 25 kilometr uzaklykdaky desgalary ýokary hilli aragatnaşyk bilen üpjün etmäge mümkinçiligi bardyr.

Bu optiki şkaf pilot taslamasynyň çäklerinde aşagabat şäheriniň aragatnaşyk işgärleri üçin Şwesiýanyň Eriсsson kompaniýasy tarapyndan getirildi.

Bu taslama diňe bir öňki giň göwrümli optiki liniýalary magistrallara we şäher içindäki zolaklara ornaşdyrylman, eýsem: optika – jaýyňa çenli, öýüňe çenli ýörelge boýunça gurluşygyň başlangyjy bolup durýar.