Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 725
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna, Beýik Britaniýadan, Owganystandan, Kiprden, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazutyny we parafin önümini satyn aldylar. Owganystanly işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna dürli ölçegdäki tekiz boýalan we žakkart tüýjümek polotensalar, nah ýüplükler, gara mallaryň we dowarlaryň derileri, pagta süýümi, agardylan pagta süýümi, çig ýagly kislotalar, goýun we geçi içegeleri hem-de beýleki maldarçylyk önümleri ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Russiýa, BAE, Türkiýe, Singapur, Owganystan, Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 74 million 501 müň dollaryna deň boldy.

Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Awstriýanyň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri 10 million 899 müň manada deň bolan nah matany we nah ýüplügini, ýuwlan garaköli, sarja goýunlarynyň ýüňüni we geçi çöprüni satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri 138 müň manatlykdan gowrak polipropileni satyn aldylar.