Ahal welaýatynyň ekin meýdanlarynd agowaça ekişi günsaýyn giň gerime eýe bolýar. Welaýat boýunça 120 müň getar meýdana gowaça ekişini gysga mňletlerde tamamlamaly. Bu ekiljek meýdandan bolsa 205 müň tonna „ak altyn“ ýygnamak göz öňünde tutulýar. Nowrua baýramynda soň gelen ýagyn kiş möwsüniň gidişini birneme togtatdy. Ýöne soňra howa açylyp, hemme zatlar öz akymyna gidip ugrady. Öňde duran wezipe aýdyň: ekinden ir we bol gasyl almak üçin bu ekiş möwsümini gysga möhletlerde tamamlamaly.
Şu günler welaýatda her günde 5350 gektar meýdan gowaça ekilýar, tabşyrygyň her günde 4,5 göterimi ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminiň güýçli depginlerde lanyp barylmagy kärendeçilere geljekki hasylyň düýbüniň oňat hilli tutulmagyna şertleri hem-de ekişi gysga möhletlerde tamamlamaga mümkinçilik berýär. Bu möhüm gowaça ekiş möwsüminde welaýatyň kaka, Ryhabat, Babdaýhan etraplary öňde barýarlar.
Ahal welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalary geçen ýyl 27 müň tonna golaý tohumlyk gowaçanyň tohumyny kabul etdiler. Ondan degişli şahadatnamalara eýe bolan ýokary hilli tohumyň 15 müň tonnadan gowragy taýýar edildi.
„Obahyzmatyň“ bölümleriniň sazlaşykly işlemekleri netijesinde ekiş möwsümi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu kärhana ekişiň öň ýüzündäki topragy işläp taýýarlamaga niýetlanan MTZ- 80 kysymly traktoralryň 1522, MTZ-82 traktorlaryň 258-sini ekin meýdanlaryna çykardy. „Obahyzmatyň“ ussahanalary gerek bolan enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary bilen doly üpjün edildi. Bu ýerde esasan hem – kömege hemişe taýýar bolup duran tejribeli ussalar zähmet çekýärler. Bu „tiz kömek“ gullugy mehanizatorlara enjamlaryň sandan ýçykan wagty olary az wagtda düzedip, mehanizatorlaryň wagtlaryny tygşytlamag mümkinçilikleri berýär.
Weklaýatda ekiş agregatlary toparlaýyn usulda alnyp barylaýar. Şeýle usulda işlenilende ekişiň möhletini dogry alyp barmaga, tehnikany dogry dolandyrmaga we hyzmat etmekde, tohumy we ýangyç-çalgy ýaglaryny wagtynda ertmekde ýehillikleri döredýär. Kärendeçiler we hünärmenler ekişde gowaçanyň tohumynyň gögerijilik we beýleki tehnologiki ýaratynlyklaryny göz öňünde tutýarlar.
„Türkmendökün“ paýdarkar jemgyýetiniň Ahal welaýat müdirligi pagtaçylary dürli görnüşli mineral dökünleri bilen üpjün etmek işlerini amala aşyrýarlar. Her bir daýhan birleşigine bu paýdarlar jemyýetiniň wekili berkidilendir. Kärendeçileri mineral dökünleri bilen üpjün etmek onuň esasy wezipesi bolup durýar. „Türkmendökün“ paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň işleri alymlaryň we tejribeçileriň ylmy taýdan esaslanýan hasabatlaryna we tekliplerine daýanýar. Gowaçanyň ösüş döwründe toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, ekin ýerlerine näçe azot we fosfor dökünleriniň gerekdigi öňünden kesgitlenildi.