Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy iň iri kärhanalaryň biri bolmak bilen,ýurtda öndürilýän önümiň 25 göterimine çenlisini öndürýär. Häzirki wagtda bu härhanada öndürilýän önümiň 65 göterim töweregi daşary ýurtlara ugardylýar. 2012-nji ýylda daşary ýurtlara iberilen önüm ABŞ-ň 3,2 milliard dollaryna barabar boldy. Bu bolsa 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8 göterime golaý köpdür. TNGIZT öndürilýän önümleri Russiýa, Täjigistan, Eýran ýaly ýurtlar tarapyndan satyn alynýar. Suwuklandyrylan gaz Owganystana, Eýrana, Päkistana, Gruziýa we Ermenistan ýaly ýurtlara iberilýär. Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Hytaý we beýlekiler polipropleni ýerlemek boýunça hyzmatdaş ýurtlar bolup dyrýarlar. Esasy öndürilýän ýaglary daşary ýurtlara ibermek ýola goýulýar. Bu önümler Eýrana, Italiýa we Russiýa ugradylýar.
Häzirki zaman enjamlarynyň we infrastrukturanyň birnäçesiniň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Türkiýäniň „Lotus“ kompaniýasynyň gatnaşmagynda gudrony kokslaşdyrmak we deasfaltldyrmak boýunça kuwwatlulygy ýylda degişlilikde 900 nwe 500 müň tonna öndürýän enjamyň gurluşygy alnyp barylýar. Indoneziýanyň „PT Istana Karng Laut“ kompaniýasy kuwwatlylygy 21 müň tonna bolan biomaksatly polipropilen plenkasyny öndürýän enjamyň ýygnamasyny, „Allianke Engineering KO.LTD“ (Günorta Koreýa) kompaniýasy bolsa kuwwatlylygy 3 million tonna bolan ELOU-AT-7 nebiti ilkinji akdyrýan enjamyny ýygnamak işlerini alyp barýar. „Wesport Tranding Eorope Limited“ (ABŞ) kompaniýasynyň hünärmenleri Seýdiniň NGZ galyndysyndan kuwwatlylygy 38 müň tonna bolan ýol bitumyny öndürmek boýunça enjamyň gurluşygyna başladylar.
Bu toplumyň önümçilik liniýalyryny kämilleşdirmäge göýberilen maýa goýmuň möçberi ABŞ-ň 900 million dollaryna barabardyr. Biziň hünärmenlerimiziň hasaplamalaryna görä, iri desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy we olaryň ulanylmaga berilmegi bilen, nebiti gaýtadan işlemegiň kuwwatlygyly 3 million tonna, düýpli gaýtadan işlemek 80 göterimden 92 göterime çenli artar. Bu amala aşyrylýan işler ýokary hilli koksuň öndürilişini we ýokarlandyrylan hilli ýol bitumyny almak üçin çig malyň öndürilip çykarylyşyny artdyrmaga, A-92 we A-96 benzinleriniö öndürilişini ýokarlandyrmaga, şeýle hem alkilat, izomerizat ýaly nebit önümleriniň täze görnüşleriniň hasabyna önümleriň görnüşlerini köpeltmäge şertleri döreder.
TNGIZT hünärmenleri önümleriň görnüşlerini giňeltmeklerini dowam etdirýärler we halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply täze görnüşleriniň taýýarlanyş usullaryny işläp taýýarlamak bilen, ýaglaryň hilini gowlandyrmagyň üstünde işleýärler. Eýýäm hazirkiwagtda esasy ýaglaryň görnüşleriniň 5-si işlenilip taýýarlanylýar we dürli maksatly ýaglaryň harytlyk görnüşleriniň 30-syny seriýaly önümçiligi özleşdirildi.
Häzirki wagtda ýaňoniýanyň „Džwý-Dži-Si“ kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Ekerem şäherçesinde täze nebiti gaýtadan işleýän zawodyň tehniki-ykdysady taýdan esalandyrylýan gurluşygyny işläp taýýarlamak boýunça şertneme baglaşyldy. Bu halkara standartlaryna laýyk gelýän düýbünden täze kärhana bolar. Täze zawodyň taslamasy we gurluşygy desgalaryň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we uzak wagtlap ulanylmagyny üpjün edýän häzirki zaman innowasion tehnologiýalara we enjamlara esaslanar. Bu räze kärhana daşky gurşawy goramak we ekologiki taýdan howpsuzlyk boýunça halkara standartlaryna laýyk geler.