Ï „Galkynyş“ ýatagy özleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Galkynyş“ ýatagy özleşdirilýär

view-icon 967
Edil iki-üç ýyl mundan ozal hem Garagumuň günorta-gündogar landşafty türkmen geologlarynyň buraw guýularynyň wyşkalary görünýärdi. Häzirki wagtda bolsa günorta Ýolöten – müňlerçe inedördül kilometr meýdany eýeleýär. Onuň ätiýazlyk „mawy ýangyjy“ 26,2 trillion kubmetr hasap edilýär. Bu ýatakda potratçylar – Hundai Engineering СO. LTD (Koreýa Respublikasy), СNPС Driling Energeering СO. LTD (Hytaý Halk Respublikasy), Petrofaс International LLС, Gulf Oil and Si Gas (Birleşen Arap Emirlikleri) ýaly kompaniýalar işleýär. „Türkmengaz“ döwlet konserni şbu kompaniýalar bilen tebigy baýlygy özleşdirmek boýunça hyzmat ediş şertnamasyny baglaşdy.


Ýatagy özleşdirmek boýunça direksiýada belleýişleri ýaly, gysga möhletlerde özleşdirmegi we ýatagy ulanmaga bermekligi çaltlandyrmaga gönükdirlen umumy bahasy 10 milliard dollar bolan iri maýa goýum taslamasyny, ýylda 30 milliard kubmetr möçbere hasaplanan gazy gazyp alýan we gazy gaýtadan işleýänkuwwatlyklaryň gurluşlaryny döretmegi amala aşyrmak wezipesi durýar. Buýuryjynyň – direksiýanyň düzen grafigi boýunça, şu ýylyň ortalaryna potratçylar tarapyndan taslamanyň birinji tapgyryny tamamlamak wezipesi durýar. Ol birnäçe onlarça ulanyş guýularyny burawlamagy, senagat gaz geçirijileriniň ulgamyny, gazy öňünden taýýarlamak boýunça dört sany enjamy we ýylda umumy kuwwatlylygy 30 milliard kubmetr harytlyk gazy kükürtden arassalamak boýunça üç sany zawody gurmagy öz içine alýar. Arassalanan gaz ýatakdan gaz geçirijiniň iki ugry boýunça (her biriniň uzynlygy 100 kilometrden gowrak) zawotdan „Şatlyk“ kompressor stansiýasyna çenli iberiler.

„Galkynyş“ ýatagynda geçirilen gözleg buraw işleri ätiýaçlyk gözleg gazyň artdyrylmagynyň geljegi werhnoýura eýýamynyň çňkündisi bilen baglydygyny görkezdi. Bu ýerde öndümli gözýetimiň galyňlygy 600-700 metre ýetýär. Bu galyň gaz galyňlygyny geçmek üçin täze tehnologiýalar, uly energetika çykdajylar gerek bolýar we çuň guýulary burawlamak wezipesi durýar. Häzirki wagtda СNPС kompaniýasy tarapyndan eýýäm guňňur guýylaryň 22-si burawlandy. Olaryň köpüsi bolsa synagdan geçirilip, olar köp mukdar tebigy gazy berdi. Çuňňur guýularyň altysyny burawlamaga „Türkmengaz“ döwlet konserniniň we „Türkmengeologiýa“ DK buraw toparlary goşulyşdylar. Awgust aýynda burawlanan guýularyň ählisi synagdan geçiriler. Ýerasty çeşmelerde gazy ilkinji gaýtadan işleýän nokatlaryna we soňra gaz arassalaýjy zawodlara tebigy ýangyjyk kuwwatly akymy gelip gowşar.


„Galkynyşda“ häzirki zaman gazy gaýtadan işleýän gurluş döredilýär. Bize kuwwatlylygy ýylda 10 milliard kubmetr gaýtadan işleýän kärhanasynda ilkinji bolup gurluşyk-gurnama işlerini tamamlan Hundai Engineering СO.LTD kompaniýasynyň gazy gaýtadan işleýän toplumyny dolandyrmagyň merkezinde bolmak başartdy. Koreýaly hünärmenler awtomatlaşdyrylan kärhanany doly tasladylar hem-de ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etdiler. Şu günler zawotda göýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar we zawodyň çäklerini abadanlaşdyrmak işleri tamamlanyp barýar. Eýýäm kompaniýa iýun aýynyň 1-ne gazy kükürtden arassalaýan tehnologiki liniýany işe göýbermegi meýilleşdirýär. Şol wagta çenli ýatakda ähli senagat gaz geçirijilerini çekmek işleri tamamlanar we UPPG-dan zawoda gaz kollektorlaryny geçirerler.

Petrofaс International LLС kompaniýasynyň gurluşyk bölümleri uly göwrümli işleri ýerine ýetirýärler. BAE hyzmat ediş kompaniýasynyň eýýäm ýygnan we häzirki wagtda ony synaga we göýberişe başlan kuwwatlylygy ýylda 10 milliard kubmetr gazy arassalamak boýunça tehnologiki enjamlardan başga hem, ýangyn deposynyň, mehaniki ussahanasynyň, ORU ýaly desgalarynda gurluşyk işleri tamamlandy. Gurluşykçylar gazy ilkinji sapar gaýtadan işleýän enjamlaryň dördüsini gurnadylar, uzynlygy 100 kilometr bolan daşary ýurtlar iberýän gaz geçirijisini çekdiler, kükürdi ýüklenýän nokada çenli demirýoluny çekýärler. Kompaniýanyň bu we beýleki desagalarynda azyndan 20 müň adam zähmet çekdi.

Petrofaс Internasional LLС kompaniýasynyň GS-1-den 12 kilometrlikde hytaýly hünärmenleriň tagallalary bilen ýene-de bir kuwwatlylygy ýylda 10 milliard kubmetr bolan GС-2 gazy arassalaýan kärhana guruldy. Bu enjam kükürdi arassalamagyň tehnologiki şahasynyň 6-na hasaplanandyr. Onuň golaýynda gazy halas ediji gullugyň, bug gazanynyň, ýangyna garşy göreşýän gullugy üçin ýörite gaplaryň, adminstratiw-durmuş binalarynyň, merkezi elektriki podstansiýasynyň, kükürt ammarynyň binalarynyň diwarlary galdyrylýär. Öz burawlaryndan gazy gaýtadan işleýän ilkinji nokada çenli eýýäm 22 sany şleýf çekildi UPPG-dan bolsa zawoda çenli gaz kollektory çekildi.


Öz göwrümi we ýerleşişi boýunça gaz çykaryjy we gazy gaýtadan işleýän „Galkynyşdaky“ täsin senagat kämilleşdirilen inženerçilik we dumuş gurluşyň dňredilmegini talap etdi. Şonuň üçin hem çölüň içi bilen gza gurluşynyň desgalaryny birikdirýän awtoulag ýolarynyň bir gideni çekildi. 20 kilometrden gowrak demirýoly çekilýär. Onuň kömegi bilen zawodlaryň ýük ýüklenilýän nokatlaryndan 2 million tonna çenli owradylan kükürt we gaz kondensaty daşalar. Gurluşyň desgalaryna elektroüpjünçilik liniýalary çekildi, kuwwatlylygy gije gündüziň dowamynda18 müň kubmetr suw toplaýjy desga guruldy. Bu desgalaryň gurluşygyna ýurduň bölümleri hem gatnaşdylar. Marynyň gaz çykaryjylaryzawoda çenli suw çekiji hem-de GRES-den suw toplaýjy desga çenli awtoulag ýoluny çekdiler gurdular, energetikler ýatagy elektrik bilen üpjün etdiler. Ýatakda köp sanly wagtlaýyn ýaşaýyş şäherçeleri bilen bir hatarda hyzmat edýän işgärler üçin wahtalaýyn şäherçe emele gelýär. Bu – häzirki zaman ähli amatlyklary bolan mebel, howa ulgamyny sazlaýan enjam, türgenleşik zally, kinotetrly, hususy çörek bişirijili, naharhanaly, kafeli we dükanly toplumlardyr. Petrofaс International LLС we СNPС kompaniýalary umumy 2000-den gowrak işçilere niýetlenen şular ýaly wahtalaýyn şäherçesiniň ikisini gurdular.

Bu gurluşygyň şeýle uly geriminiň bardygyna ýekeje san hem şaýatlyk edýär. Bu ýataga habarçynyň gelen güni31 müňden hem gowrak adam zähmet çekýärdi. Gurluşygy alnyp barylýan desgalara diňe işçileri we tehniki işgärleri daşamak üçin ýolagçy gatnadýan awtobuslaryň we beýleki ulag serişdeleriniň ýüzlerçesi gerek bolýar.

Merkezi Aziýada „mawy ýangyjy“ esay iberiji bolup durmak bilen, Türkmenistan dünýäniň enerhetika ýurtlarynyň esasylarynyň hataryna girýär hem-de ýakyn ýyllarda gazyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmak üçin ähli mçmkinçiliklere eýedir. Özi hem, dünýä bazarlaryna gazy çykarmagyň diwersifisirlenen ulgamyny döretmek bilen, biüiň ýurdumyz onuň iň iri iberijileriniň biri bolup durýar. Bu gelejegi nazarlaýan çäreler, ilkinji nobatda, ägirt uly ätiýaçlyk gaz gorlaryna eýe bolan „Galkynyş“ gaz ýatagyna we beýlekiýataklara esaslanýar. Bu ýerini özleşdirmek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.