Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen A-80 kysymly awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny we benzini satyn aldylar. Bu ýurtlardan bolan işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny we M-100 kysymly mazudy satyn aldylar. Bulardan başga hem dürli ölçegdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, pagta süýümi, pagtany gaýtadan işlemegiň we dokma önümçiligiň galyndylary daşary ýurt puluna ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Belgiýa, Lihtenşteýn, Yrak. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 115 million 120 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Hytaýyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Rakistanyň, Ukrainanyň, Litwanyň, Gruziýanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli görnüşdäki trikotaž önümlerini, nah ýüplügi, matany, pagta ýagyny, tikinçilik pamygyny, saryja goýunyň ýüňüni, çig ýüpegi, pagta süýümini, pagtany gaýtadan işlemegiň we dokma önümçiligiň galyndylaryny satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 36 million 700 müň manatdan gowrak boldy.