Ï “Ak şäherim - Aşgabat” atly halkara köpugurly sergi we maslahat öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ak şäherim - Aşgabat” atly halkara köpugurly sergi we maslahat öz işini tamamlady

view-icon 885
Şu gün türkmen paýtagtynda “Ak şäherim-Aşgabat” atly XII halkara köpugurly sergi öz işini tamamlady. Onuň çäklerinde Aşgabat şäherini ösdürmegiň geljegine degişli ugurlarda ileri tutulýan meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Forumyň guramaçylygyny we geçirilişini Aşgabat şäher häkimligi we Söwda-senagat edarasy bilelikde amala aşyrdylar.

Ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine degişli meýilnamalar we gazanylanlar beýan edilen giň möçberli ekspozisiýalar sergä gelen müňlerçe adamlaryň ünsüni özüne çekdi. Olar forumyň ýokary guramaçylyk derejesini, işjeňligini we innowasiýalara gönükdirilendigini bellediler. Hakykatdan-da, şu ýylda geçirilen köpugurly sergi diňe bir oňa gatnaşyjylaryň we olaryň görkezen ugurlarynyň sanyny artdyrman, eýsem, köp babatda eşretli hem-de abadan ýaşamak üçin ähli şertlere eýe bolan baş şäheriň—Aşgabadyň döwrebap iri şäher, halkara işjeňliginiň artýan merkezi hökmünde mundan beýläk-de ösmegine ýardam edýän täze tehnologiýalary we innowasiýalary işläp taýýarlaýan hyzmatdaşlary gözlemäge gönükdirilendir.


Aşgabat şäher häkimliginiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň hem-de işewürleriniň, dünýäniň 14 döwletinden daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň 140-dan gowragynyň wekilleri Aşgabat sergisinde dürli görnüşdäki harytlary önümleri arkaly öz mümkinçiliklerini we baş şäherimizi öňküsinden-de gözel we rahat etmäge gönükdirilip, ýaýbaňlandyrylan iri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, türkmen paýtagtynyň depginli ösmegi üçin teklipleri hödürlediler.

Paýtagtymyzyň köp sanly myhmanlary we elbetde, aşgabatlylar barha gözel görnüşe girýän, özlerine ozal tanyş bolan meýdançalardyr köçeleriň barha özgerýän keşbine häli-şindi haýran galýarlar. Aşgabadyň ösüşi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen durmuşa geçirilýän milli özgertmeler maksatnamasynyň esasynda alnyp barylýar. Ol bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary—ykdysadyýetiň köpugurlylygyny, bazar özgertmelerini, täze kärhanalary döretmegi, ylmy we täze oýlap tapmalar esasynda önümçilikleri ýola goýmagy, orta we kiçi telekeçiligi goldamagy öz içine alýar.

Aşgabatda durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasy döwrebap şäheriň durmuşynyň hemme ugurlaryny —gurluşyk we binagärlik, senagat, ulag hem-de aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamy we azyk pudagy, ýaşaýyş jaý-jemagat, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny özünde birleşdirýär. Bu ähli ugurlarda gazanylanlar “Ak şäherim--Aşgabat” atly köpugurly halkara sergisinde görkezildi.

Dürli görnüşli senagat önümleri, azyk harytlary, amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen bir hatarda, sergide iri maýa goýum taslamalary, şäher hojalygy ulgamynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa taslamalary, daş-töweregi goramaga ýardam edýän uly şäheriň durmuşynyň oňyn sazlaşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berjek energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we desgalaryň taslamalary hödürlenildi. Olaryň agramly bölegi şäheriň inžener-aragatnaşyk ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyna eýedir.

Sergi täze teklipleri beýan etmäge, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň düzümleriniň we dürli pudaklaryň gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berdi. Ol bolsa Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatynyň, ägirt uly durmuş-ykdysady serişdeleriniň we mümkinçilikleriniň bimöçberdigine güwä geçýär.

Sergi köşgünde dowam eden forumyň ähli üç gününde-de bu ýerdäki baýramçylyk äheňini bellemän geçmek bolmaz. Ýagty röwüşlerde we örän özüne çekiji görnüşde bezelen sergi meýdançalary, türkmen paýtagtyny gün-günden bezeýän täze binalaryň şekilleri beýan edilen görnüşler, ýaňlanýan sazlar, biziň ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň onuň her bir ýaşaýjysynyň ýüregine örän ýakyndygyny, gymmatlydygyny we mähirlidigini aýdyň ýüze çykardy. Çünki Aşgabat soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, hemmeler tarapyndan ykrar edilen iri işewür, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi.

Aşgabat forumynyň işiniň barşynda iki günlük maslahat geçirildi, şeýle hem işewür duşuşyklar we tanyşdyryşlar guraldy. Onda ozal bar bolan gatnaşyklary berkitmek üçin we pudagara derejesinde bolşy ýaly, bütinleý alanyňda halkara hyzmatdaşlygy derejesinde-de täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilikler döredildi.

Maslahatda çykyş edenler hyzmatdaşlyk etmegiň giň ugurlary barada meseleleri beýan etdiler. Oňa gatnaşyjylaryň üns merkezinde Aşgabady ösdürmegiň uzakmöhletleýin strategiýasy ýaly möhüm meseleler, täze iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň, daşary ýurtly maýadarlar üçin artýan mümkinçilikleri hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boldy. Şeýle hem paýtagtyň ilatynyň durmuşynyň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen, şäheriň bar bolan serişdelerini ygtybarly ulanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aýry-aýry çykyşlar Aşgabadyň taryhyna, binagärligine, şeýle hem şäher tebigatynyň aýrylmaz bölegi we ekologiýa arassaçylygynyň möhüm görkezijisi bolan paýtagtyň bagy-bossanlyga bürelişine bagyşlandy.

Şu gün, halkara gözden geçirilişiniň jemleýji gününde foruma gatnaşyjylaryň ählisine degişli sertifikatlar we diplomlar gowşuryldy. Onuň ahyrynda guramaçylar we “Ak şäherim-Aşgabat” atly XII halkara köpugurly sergisine gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Onda netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegine ýardam edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.

Şeýlelikde, nobatdaky “Ak şäherim-Aşgabat” atly halkara forum öz işini tamamlady. Ol parahatçylygyň we söýgüniň, bagtly geljege gönükdirilen ak şäheriň - türkmen paýtagtynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ägirt uly meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşup, möhüm ähmiýete eýe boldy.